Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ukrainalylar Stalin döwrüniň “Holodomor” açlygynyň pidalaryny hatyralaýarlar


Açlyk döwründe düşürilen surat
Açlyk döwründe düşürilen surat

Ukrainalylar Stalin döwrüniň “Holodomor” diýlip bilinýän açlygynyň 86-njy ýyl dönümini belleýärler. Bu açlykda, sowetleriň 1930-njy ýyllardaky syýasatlary netijesinde, millionlarça adamyň iýere zat tapman ölendigi aýdylýar.

Ukraina her ýyl noýabryň dördünji şenbesini, bu betbagtçylykda ölenleri hatyralamak üçin, Holodomor pidalarynyň Hatyra güni hökmünde jar edýär. Ukrainalylaryň köpüsi bu açlygy ukrain daýhanlaryny ýok etmek maksady bilen bilkastdan gurnalan gyrgynçylyk – genosid diýip hasaplaýar.

Hatyra gününiň guramaçylary adamlary 23-nji noýabrda, ýerli wagt bilen ir sagat 4-de, Holodomor pidalaryny hormatlap,öz äpişgeleriniň öňünde şem ýakmaga hyjuwlandyrdylar.

Sowet häkimiýetleri Ukrainadaky daýhanlary kollektiw hojalyklara girizmäge çalyp, olaryň gallalaryny we beýleki azyk önümlerini zor bilen ellerinden alandan soň, millionlarça adam öldi.

Hasaplamalara görä, açlykdan ölenleriň sany 3 milliondan 7 milliona çenli diýip bilinýär.

XS
SM
MD
LG