Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Owgan prezidenti beçebazlyk halkasy barada aýdylýanlary derňemegi buýurýar


Owganystanyň prezidenti Aşraf Gani
Owganystanyň prezidenti Aşraf Gani

Owganystanyň prezidenti Aşraf Gani ýurduň mekdeplerinde hereket edýän beçebazlyk halkasy barada aýdylýanlary derňemegi buýrandygyny aýdyp, Owganystanyň esasy aňtaw agentligini bu galmagalyň üstüni açmaga kömek eden iki aktiwist tussag edendigi üçin tankytlady.

Gani 26-njy noýabrdaky twitter beýanatlarynda Kabulyň günortasyndaky Logar welaýatynyň mekdeplerindäki “jynsy eden-etdilikler barada soňky ýaýran habarlardan örän alada galandygyny” aýtdy.

Ol ýurduň Bilim ministrliginiň bu mesele boýunça derhal jikme-jik hasabat taýýarlamagyny talap etdi.

Bu çäreler Britaniýanyň “The Guardian” gazetinde şu aýyň başynda alty mekdepden, aýdylmagyna görä, azyndan 546 oglanyň mugallymlaryň we ýerli resmileriň gatnaşmagynda işledilýän beçebazlyk toparynyň pidasy bolandygy barada çykan habardan soň görüldi.

Bu habardan soň ýurtda dörän gahar-gazap arasynda, Milli howpsuzlyk müdirligi geçen hepde iki sany adam hukuklaryny goraýjy aktiwisti - Musa Mahmudi we Ehsanullah Hamidi tussag edendigi üçin tankytlandy. Olar bu diýilýän beçebazlyk halkasy hakynda interwýu beripdi.

Milli howpsuzlyk müdirligi 26-njy noýabrda “Guardian” gazetinde çykan habary “esassyz” diýip atlandyrdy we Mahmudiniň bu makalada aýdýan zatlary onuň daşary ýurtdan gaçybatalga almak ugrunda gurýan pirimleriniň bir bölegi diýdi.

Emma Gani aňtaw gullugyna Mahmudi bilen Hamidiniň garşysyna açylan işi ýapmagy buýurdy. Olaryň azatlyga çykandygy habar berilýär.

XS
SM
MD
LG