Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Albaniýadaky ýertitremede ölenleriň sany 31-e ýetdi


Türk halas ediş gulluklary Durresdäki ýumrulan binalaryň arasynda gözleg işlerini geçirýärler. 28-nji noýabr, 2019 ý.
Türk halas ediş gulluklary Durresdäki ýumrulan binalaryň arasynda gözleg işlerini geçirýärler. 28-nji noýabr, 2019 ý.

Albaniýanyň merkezinde bolan güýçli ýertitremeden soň, ýüzlerçe adam tapgyr ikinji gijäni çadyrlarda we awtoulaglarda geçirdi. Ýertitremäniň netijesinde azyndan 31 adam öldi we başga-da 650 çemesi ýaralandy.

27-nji noýabrda 10-dan gowrak ýurtdan gelen halas ediş toparlary ýerli halas edijilere goşulyp, ýumrulan binalaryň harabalarynyň aşagynda galan adamlary gözlediler. Olar bu gözleg işlerinde dronlardan, ýörite itlerden we gazuw enjamlaryndan peýdalandylar.

26-njy noýabrda irden 6,4 magnitýud güýjündäki ýertitreme Albaniýanyň paýtagty Tirananyň 30 kilometr demirgazyk-günbataryny sarsdy. Bu Albaniýada soňky onýyllyklaryň dowamynda bolan iň güýçli ýertitremedir.

Ýertitremeden iň köp Durres we Thumane şäherleri ejir çekdi. Bu ýerdäki binalar fundamentine çenli ýumruldy.

XS
SM
MD
LG