Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Haagadaky pyçakly hüjümde güman edilýän tapdyrmaýar


Haagada üç adam pyçaklandy.
Haagada üç adam pyçaklandy.

Golland polisiýasy 30-njy noýabrda bir gün ozal Haaganyň merkezinde üç adamy pyçaklap ýaralan adamy heniz hem gözlenýändiklerini aýtdy.

Häkimiýetler demirýol stansiýalarynda we ýerli transport desgalarynda barlag, gözleg işlerini alyp barýarlar diýip, golland mediasy habar berdi.

Ýaralanan üç adama hassahana getirilenlerinden birnäçe sagat soňra gitmäge rugsat berildi diýip, polisiýa pidalar we jenaýatyň sebäpleri hakynda detallary açmazdan aýtdy.

Gollandiýanyň milli tele-radio edarasy NOS 29-njy noýabrda “dürli çeşmelere” salgylanyp, bu ýerde terrorçylyk alamatlarynyň bolmandygyny habar berdi.

ANP habar gullugy “Biz häzir mümkin bolan ssenariýalaryň ählisini hasaba alýarys” diýip, golland polisiýasynyň sözçüsiniň aýdan sözlerini sitirledi.

Ýerli maglumatlara görä, bu hadysa uly dükanyň içinde, Londonda iki adamyň ölümine, birnäçe adamyň ýaralanmagyna getiren pyçakly hüjümden birnäçe saga soňra boldy.

XS
SM
MD
LG