Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Russiýa Hytaýa gaz akdyryp başlar


Gazprom
Gazprom

Russiýanyň Gazprom kärhanasy Hytaý ugry boýunça çekilen “Sibiriň kuwwaty” atly 3 müň kilometrlik geçirijini açdy.

Açylyş dabarasyna rus prezidenti Wladimir Putin we onuň hytaýly kärdeşi Si Jinping hem gatnaşdy.

Hytaý ilkinji gezek özüniň demirgazyk goňşusyndan geçirijiniň üsti bilen gazy alyp başlar.

2025-nji ýyla çenli ýylda 38 milliard kub metr gazy akdyrmak göz öňünde tutulýar.

Taraplar gazyň bahasy barada maglumat bermediler.

XS
SM
MD
LG