Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kasymberdi Garaýew öz ýagdaýlarynyň ýerbe-ýerdigini aýdýar


Kasymberdi Garaýew
Kasymberdi Garaýew

Aşgabatly ýaş lukman Kasymberdi Garaýew 2-nji dekabrda Azatlyk bilen gürrüňdeşlikde öz ýagdaýlarynyň ýerbe-ýerdigini habar berdi hem-de özüniň yzarlanýandygyny tassyklamady. Ondan ozal Garaýewiň tanyşlary we dostlary Turkmen.news neşirine Garaýewiň tas bir aý bäri özleri bilen habarlaşmaýandygyny aýtdylar we munuň bilen baglylykda aladalaryny beýan etdiler. Ýatlasak, 21-nji oktýabrda Azatlyk Kasymberdiniň öz jynsy ugry barada aýdan hatlaryna esaslanyp maglumat çap edipdi. Bu maglumatyň çap edilmeginden soň, Azatlyga mälim bolşuna görä, ony polisiýa bölümine çagyrdylar we şondan soň 10 günden gowrak wagtyň dowamynda ol barada hiç zat mälim bolmady.

Turkmen.newsiň maglumatynyň yzýany Azatlyga Kasymberdiniň kakasy Maksat Garaýew bilen jaňlaşmak başartdy. Haçan-da biz 2-nji dekabr güni Aşgabat wagty bilen sagat 14:30-da jaň edenimizde, Garaýewleriň ulusy şol wagt oglunyň işdedigini we 15:00-dan soň dolanjakdygyny aýtdy. Ol eger bir sagatdan soň täzeden jaň eden ýagdaýymyzda, bizi onuň bilen gepleşdirmäge razy boldy.

Kakasynyň we “garyndaşyň” gatnaşmagyndaky gepleşik

Biz 15:30-da ikinji gezek Maksada jaň etdik we ol bize 6-njy noýabrda jaň edilen beýleki telefon belgilerine aýlamagymyzy sorady, şol telefonyň has oňat işleýändigini aýtdy. Haçan-da Azatlygyň korrespondenti jaň edeninde Maksat trubkany Kasymberdä berdi. Ol, öz sözlerine görä, öýlerindedi we özüniň aman-esendigini mälim etdi.


Şondan soň Azatlygyň korrespondenti Kasymberdi bilen wideo arkaly aragatnaşyga geçmek mümkinçiligini sorady. Birnäçe minutdan soň biz bir messenjeriň üsti bilen habarlaşdyk. Kasymberdi özüniň öýdedigini görkezdi. Jaýda özünden başga kakasy, ejesi, kiçi uýasy we ýene-de bir erkek adam bardy, ol erkek adamy garyndaş diýip tanyşdyrdylar. Gürrüňdeşligimiziň tutuş dowamynda olar Kasymberdiniň ýanynda boldular we bize onuň bilan ikiçäk gepleşmäge mümkinçilik bolmady. Birnäçe gezek telefonyň ekranynda garyndaşyň ýüzi görnüp gitdi.

Kasymberdi geçen wagtyň dowamynda öz ýagdaýlarynyň mydama ýerbe-ýer bolandygyny öňe sürdi, ol işe gidip gelýärdi we onuň durmuşy dowam edýärdi. Soňra ýanyndakylaryň ugrukdyrmagy bilen ol şu wagta çenli özi barada ýazylan zatlaryň ählisiniň “ýalandygyny” aýtdy.

“Siziň habaryňyzdan soň, bu zatlaryň ählisini görüp, meniň öýlenmekçi bolýan halaşýan gyzymda şübhe döredi. Men ýaňy bir bu zatlary unudyp başladym welin, ýene-de habarlar peýda boldy” diýip, Kasymberdi Garaýew aýtdy.

Bu makalanyň çap edimeginden soň, 3-nji dekabrda irden Maksat Garaýew Azatlygyň edarasyna jaň edip, ondan ozal garyndaş diýlip tanyşdyrylan adamyň aslynda özüniň körpe ogludygyny aýdyp aýak diredi. Uly Garaýew özüniň hiç kimi garyndaş diýip tanyşdyrmandygyny öňe sürdi.


Onuň instagramyna we feýsbugyna indi özüm gözegçilik edýärin

Ondan soň kakasy Maksat Garaýew Azatlygyň korrespondenti bilen gürrüňe dowam edip, “çyn ýürekden” gepleşmegi sorady. Ol Kasymberdi bilen bolup geçen ähli zatlaryň kimdir biriniň prowaksiýasydygyny aýtdy.

“Bilýäňizmi, ol aslynda olar ýaly däl (Kasymberdiniň geý däldigini göz öňünde tutýar – red.) Bilemok, ýöne meniň pikirimçe kimdir biri ondan ar alýar. Bu barada habarlaryň peýda bolmagyndan soň, ol şok boldy. Onuň “telegramyny”, “instagramyny” we “feýsbugyny” döwüpdirler. Şeýdibem onuň adyndan hat ugradyp başlapdyrlar” diýip, Maksat Garaýew aýtdy.

Azatlyk Radiosyna oglunyň hasaplarynyň, hamala, döwülendigi barada Maksat Garaýewiň öňe sürýänlerini tassyklatmak mümkin däl.

Şeýle-de ol indi oglunyň täze Facebook we Instagram hasaplarynyň bardygyny habar berdi. Garaýewlaryň ulusynyň sözlerine görä, bu hasaplara onuň hut özi gözegçilik edýär.

“Onuň başga instagram we feýsbuk hasaplary bar. Biz onuň at familýasyna hasap açdyk. Onuň açar sözlerine we belgilerine meniň özüm gözegçilik edýärin” diýip, Kasymberdiniň kakasy aýtdy.

Onuň Facebook sosial saýtyndaky adyny sorap, biz Kasymberdiniň sahypasyny tapdyk. Biz ony Instagramda tapyp bilmedik. Görnüşi ýaly, Facebookdaky sahypa 25-nji noýabrda peýda bolupdyr, sahypada onuň çölüň fonunda düşen suratlaryny we wideosyny görmek bolýar. Surat we wideonyň haçan düşürilendigi mälim däl, ýöne olar 25,26 we 28-nji noýabrda çap edilipdir. Ýöne Kasymberdiniň ýyly eşiklerinden çen tutulsa, olar güýz-gyş möwsüminde düşürilipdir. Biziň gürrüňdeşligimizden birnäçe sagat geçenden soň Kasymberdiniň Facebook sahypasynda täze suratlar çap edildi.

Ýatlasak, Kasymberdini goramak üçin geçirilen halkara kampaniýanyň yzýany ol 6-njy noýabrda Azatlyk bilen habarlaşypdy. Ondan ozal ol barada 21-nji oktýabrda maglumatyň çap edilmeginden birnäçe gün soň, ol polisiýa çagyryldy we onuň bilen aragatnaşyk ýitdi.

Şonda LGBT hukuklary boýunça guramalar, hukuk goraýjy guramalar we ýewropaly syýasatçylar türkmen hökümetinden onuň nirededigini aýdyňlaşdyrmagy, eger-de ol tussaglykda bolsa, onuň dessine boşadylmagyny talap edip çykyş etdiler. 6-njy noýabrda Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Italýa sapar eden güni täsirli italýan senatory Monika Çirinna (Monica Cirinna) türkmen delegasiýasy bilen geçiriljek duşuşykda resmi Rimi onuň ykbalyna alada bildirmäge çagyrdy.

Azatlyga Kasymberdiniň 6-njy noýabrda peýda bolmagyndan soň azyndan 14-nji noýabra çenli işe gatnandygyny lukmanyň işlän Kardiologiýa merkezine ýakyn çeşmeleriň üsti bilen tassyklatmak başartdy. Şondan soňky iki hepdäniň dowamynda biziň çeşmelerimiz ony Kardiologiýa merkeziniň binasynda görmedi. Biz beýleki çeşmelerden hem onuň ykbaly barada garşylykly maglumatlary, şol sanda onuň öý tussaglygynda bolmagynyň mümkindigi we ol barada derňewiň geçirilýändigi ýaly düz gelmeýän maglumatlary edindik. Ýöne bu maglumatlary biz garaşsyz çeşmelere tassykladyp bilmedik.

Ýöne, Turkmen.newsiň ýazmagyna görä, “Kasymyň daşary ýurtlardaky tanyşlary ýaş ýigidiň ömrüniň we erkinliginiň howp astyndadygyny ynamly aýdýarlar”. Azatlyk bilen onuň kakasynyň we garyndaş diýlip tanyşdyrylan erkegiň gatnaşmagynda geçirilen gürrüňdeşlikde Kasymberdi ynjalyksyzlygyň esassyzdygyny mälim etdi.

Türkmenistan gomoseksualizmi jenaýat hökmünde yzarlaýan ýurtlaryň hatarynda galýar. Dünýäde şeýle ýurtlaryň sany 60 töweregi bolup, olaryň sany gitdigiçe azalýar.

Azatlyk Radiosyna şu ýylyň dowamynda LGBT adamlaryna zorlukly we adamkärçiliksiz çemeleşilýändigi barada birnäçe maglumat gelip gowuşdy. Ýöne bu ýagdaýlary tassyklaýan goşmaça maglumatlary alyp bilmänsoň, biz bu habarlary çap etmedik.

Bellik: Bu makala Maksat Garaýewiň 2-nji dekabrda Azatlygyň korrespondenti bilen Kasymberdiniň arasynda geçirilen wideoşekilli aragatnaşyga keseki adamyň gatnaşmandygy barada öňe süren maglumatlary goşulyp düzediş girizildi.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Rus dilinde hem okaň

XS
SM
MD
LG