Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Lebaply ýaşaýjylar özbek telewideniýesi arkaly Özbegistandaky özgerişler bilen gaýybana tanşyp, ‘haýran galýarlar’


Illýustrasiýa suraty. Aşgabadyň halkara aeroportunda telewizora tomaşa edýän adamlar.

Özbegistanyň telewizion kanallarynda efire berilýän gepleşikler lebaply ýaşaýjylaryň arasynda uly gyzyklanma döredýär.

Hususan-da, Özbegistanda amala aşyrylýandygy aýdylýan soňky reformalar, maýylgan häsiýetli özgerişler lebaply ýaşaýjylaryň ençemesinde uly täsir galdyrýar. Bu barada Azatlyk Radiosynyň ýerli habarçysy regiondan habar berýär.

Onuň sözlerine görä, özbek telekanallarynyň üsti bilen döwrebap özbek syýasatynda amala aşyrylýandygy aýdylýan özgertmeleri yzarlaýan lebaply türkmenler goňşy ýurtdaky üýtgeşmelere haýran galýar.

“Özbek telewizion kanallary lebaplylaryň kalbynda ýer eýeledi diýilse dogry bolardy!” diýip, Lebabyň bir ýaşaýjysy anonimlik şertlerinde Azatlyga gürrüň berdi.

Ýerli ýaşaýjylaryň ençemesi Azatlygyň habarçysy bilen söhbetdeşlikde özbek lideri Şawkat Mirziýoýewe bolan hormatlarynyň artýandygyny aýdýarlar. Habarçynyň maglumatlaryna görä, lebaplylar Mirziýoýewiň bitirýän işleri we öz halkyna berýän wadalary bilen telewizion kanallary arkaly gaýybana tanyşýar.

“Goňşy döwlet lideriniň Özbegistanda bar bolan kemçilikleri, açyk hakykaty ähli adamlaryň öňünde boýun almagy we olary düzetmek syýasaty lebaplylaryň arasynda Mirziýoýewe bolan hormaty artdyrýar” diýip, Azatlygyň habarçysy ýerli ýaşaýjylara salgylanýar.

2016-njy ýylda Özbegistanda prezidentlik wezipesini eýelän Şawkat Mirziýoýew reformaçy çykyşlary bilen tanalýar.

Azatlyk Radiosy 3-nji dekabrda lebaply ýaşaýjylaryň arasynda goňşy lidere goýulýan sarpa we Özbegistanda iş ýüzünde amal edilýän özgerişler barada Merkezi Aziýa boýunça ekspert Brýus Panniýer bilen söhbetdeş boldy:

“Elbetde, özbek prezidenti Mirziýoýew telewizorda demokratiýa barada köp gepleýär, biz bu ähli reformalary amal ederis diýýär. Özbegistanda käbir üýtgeşiklikler bolup geçdi. Ol häzirki wagtda esasan ykdysady reformalara üns berýär. Onuň syýasy prosesde demokratiki reformalar barada, adam hukuklary we şuňa meňzeş zatlar barada çykyş edýändigine garamazdan, men heniz olaryň amal edilendigi barada subutnama duş gelmedim” diýip, Panniýer aýtdy.

Azatlygyň habarçysynyň maglumatlaryna görä, özbek telewideniýesine tomaşa edýän lebaply ýaşaýjylaryň ençemesi özbek lideriniň demokratiýa ýoly bilen barýandygyna ynanýar.

Panniýer Özbegistanda amala aşyryýlan özgerişler barada gürrüň edip, wezipe ynanylan orta derejeli resmileriň garamagyndakylary kemsitmekleri bilen baglylykda olara käýinç yglan edilmegi, parlament saýlawlaryna birnäçe partiýalaryň gatnaşdyrylmagy ýaly oňyn mysallara salgylandy.

“Eger Türkmenistanda oturyp, bu zatlara tomaşa edýän bolsaňyz, elbetde bu zatlar örän gaty täsin görünýändir. Sebäbi beýle zatlar ol ýerde ozal asla bolmandy” diýip, Panniýer belledi.

“Ýöne barybir, Mirziýoýewiň ileri tutýan ugurlary Karimowyň syýasatyny yzarlaýar. Karimow hem mydama “ilki ykdysady reforma, soňra syýasy reforma” diýerdi. Özbegistanyň häzirki barýan ýoly hem şoňa meňzeýär” diýip, Panniýer sözüniň üstüni ýetirdi.

Özbegistanyň Türkmenistan bilen arada 1793 kilometrlik serhedi bar. Türkmenistanyň Lebap we Daşoguz welaýatlarynda etniki özbekler agdyklyk edýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG