Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Berdimuhamedow Daşkentde regional sammite gatnaşýar


Merkezi Aziýa ýurtlarynyň döwlet baştutanlarynyň ikinji Konsultatiw duşuşygy Daşkentde geçirildi.
Merkezi Aziýa ýurtlarynyň döwlet baştutanlarynyň ikinji Konsultatiw duşuşygy Daşkentde geçirildi.

28-nji noýabrda Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow resmi iş sapary bilen Daşkende bardy. Bu barada TDH habar berýär. Resmi maglumata görä, prezident iş saparynyň çäklerinde Merkez Aziýa liderleriniň Özbegistanyň paýtagty Daşkentde geçirilýän Konsultatiw geňeşiniň mejlisine gatnaşýar.

Penşenbe güni türkmen prezidentini Daşkendiň Islam Karimow adyndaky Halkara aeroportunda Özbegistanyň premýer-ministri Abdulla Aripow we beýleki hökümet agzalary garşy aldy.

Berdimuhamedow Daşkendiň “Kuksaroý” döwlet kabulhanasynda Özbegistanyň prezidenti Şawkat Mirziýoýew bilen duşuşdy. Özbek prezidentiniň metbugat gullugynyň habar bermegine görä, iki ýurduň döwlet başatutanlarynyň Daşkentde geçiren gepleşiklerinde ýurtlaryň arasyndaky hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we geljegi, şeýle-de regional meseleler maslahat edildi. TDH-nyň habaryna görä, duşuşykda Mirziýoýew “Owganystandaky ýagdaýy durnuklylaşdyrmak we ýurduň ykdysadyýetini ösdürmek babatda türkmen döwletiniň möhüm orny eýeleýändigini” nygtapdyr.

Şol güni Daşkentde türkmen prezidentine Özbegistanyň Ylymlar akademiýasynyň “hormatly akademigi” diýen at gowşuryldy. Mirziýoýewiň metbugat gullugyna görä, özbek alymlary Berdimuhamedowyň “ylmyň dürli ugurlaryndaky ösüşlere goşan goşantlaryny we türkmen-özbek halklarynyň arasynda gatnaşyklary ösdürmekde bitiren işlerini” nazarda tutup, oňa “hormatly akademik” adyny dakypdyr.

29-njy noýabrda prezident Berdimuhamedow Merkezi Aziýa liderleriniň II Konsultatiw geňeşiniň mejlisine gatnaşdy. Anna güni özbek paýtagtynda geçirilen mejlise Özbegistanyň prezidenti Şawkat Mirziýoýew, Gyrgyzystanyň prezidenti Sooranbaý Jeenbekow, Täjigistanyň prezidenti Emomali Rahmon, Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhmamedow hem-de Gazagystanyň öňki prezidenti Nursultan Nazarbaýew gatnaşdy.

TDH-nyň ýazmagyna görä, duşuşykda eden çykyşynda prezident Berdimuhamdow Merkezi Aziýa boýunça biznes geňeşini döretmegi teklip etdi. Şeýle-de ol sammitde eden çykyşynda Owganystandaky ýagdaýlary durnuklylaşdyrmak boýunça meselelere ünsi çekdi. Interfaksyň Aşgabatdan habar bermegine görä, regional liderleriň duşuşygynda eden çykyşynda türkmen prezidenti goňşy Owganystanyň halyna iň gowy goňşy ýurtlaryň düşünýändigini aýdyp, oňa ýardam bermek boýunça teklipleri hödürläpdir. Ol Owganystanda durnuklylygy gazanmak üçin diňe parahatçylykly ýollaryň ähmiýetini nygtady.

“Mundan ozalky tejribeler şeýle ýagdaýlarda güýç ulanmagynyň netijesizdigini görkezdi” diýip, Interfaks Berdimuhamedowyň sözlerini sitirledi.

TDH-nyň ýazmagyna görä, Berdimuhamedow sammitde eden çykyşynda Araly halas etmek boýunça meselelere salgylanyp, Merkezi Aziýanyň suw problemasynyň BMG düzümlerinde çözülmegini teklip etdi. Şeýle-de türkmen lideri, regionda bäş taraply biznes geňeşini döretmek teklibini hödürläpdir.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG