Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabadyň bankomatlarynda nobatlar saklanyp galýar. “Türkmenistan” bankyň şahamçasynda tehniki näsazlyk döredi


Illýustrasiýa surtay. Aşgabadyň bankomatlarynyň birinde nobata garaşýan adamlar.

Türkmenistanda raýatlaryň bankomatlardan pul nagtlaşdyrmaklary bilen bagly problemalar, bankomatlaryň öňündäki nobatlar saklanyp galýar.

Azatlyk Radiosynyň habarçysy Aşgabadyň banklarynyň birindäki bankomatarda dörän şeýle nobatlar barada habar berýär.

6-njy dekabrda irden “Türkmenistan” döwlet täjirçilik bankynyň Aşgabadyň Görogly köçesiniň ugrunda ýerleşýän şahamçasyna degişli bankomatlaryň öňünde uly nobatlar döredi. Paýtagtyň ýaşaýjylary bank kartlaryndaky maliýe serişdelerini nagtlaşdyrmak üçin bankomatlaryň öňünde nobata garaşdylar.

Habarçynyň malgumatlaryna görä, “Türkmenstan” bankynyň agzalýan şahamçasynda 8 sany bankomat bar.

“Şol 8 bankomatdan [6-njy dekabr güni] irden sagat 8:00-de diňe 2 sanysy işledi” diýip, habarçy aýtdy.

Onuň sözlerine görä, sagat 10:00-dan soň ýene-de 2 bankomat işläp başlady.

Muňa garamazdan, habarçynyň tassyklamagyna görä, bu bankomatlaryň öňünde pul nagtlaşdyrmaga garaşýan adamlaryň uly nobaty döredi.

Türkmenistanda iki ýyldan gowrak wagt bäri dowam edýän ykdysady kynçylyklaryň fonunda, ýurduň paýtagtynda we regionlarda nagt ýetmezçiligi bilen baglylykda bankomatlaryň öňünde ýygy-ýygydan uzyn nobatlar döreýär.

Şol bir wagtyň özünde, habarçy Aşgabatdan ýetiren soňky maglumatynda, “Türkmenistan” bankynyň Görogly köçesiniň ugrunda ýerleşýän şahamçasynda 6-njy dekabr güni diňe bankomatlarda däl, eýsem, beýleki bank hyzmatlarynyň berilişinde-de raýatlar üçin garaşylmadyk ýagdaýda tehniki näsazlyk döredi.

“Şu gün irden (6-njy dekabrda-red.) “Türkmenistan” bankda müşderilere irden sagat 9:00 – 11:00 aralygynda hyzmat edildi. Soňra kompýuterde işläp oturan ýaş zenan sistemanyň togtandygyny aýtdy” diýip, habarçy Aşgabatdan ýetirýär.

Onuň sözlerine görä, bank işgäri müşderilere ýüzlenip, ýüze çykan tehniki näsazlyk bilen bagly özüniň edip biljek işiniň ýokdugyny aýdýar, olara garaşmagy ündeýär.

“Adamlar 12:30-a çenli garaşdy, ondan soňra dargadylar, birnäçe adam garaşmaga dowam etdi” diýip, habarçy aýtdy.

Türkmenistanda resmiler döwlet mediasynda edýän çykyşlarynda ýurduň bank we maliýe pudagynyň digitallaşdyrylýandygyny, bularyň sanly ulgama geçirilýändigini aýdýarlar. Iş ýüzünde raýatlar soňky iki ýyldan gowrak wagt bäri öz bank hasaplaryndaky maliýe serişdelerini köplenç bankomatlaryň öňünde uly nobatlara garaşyp nagtlaşdyrmaly bolýarlar.

Bankomatlarda ilatyň maliýe serişdelerini nagtlaşdyrmagy bilen bagly problemalar ýurduň beýleki regionlarynda-da ýüze çykýar.

Ýatladyp geçsek, noýabryň ortasynda Azatlygyň ýurt içindäki habarçylary Mary we Balkanabatda ilatyň bank hasaplaryna geçirilen zähmet haklaryny nagtlaşdyrmakda çekýän kynçylyklary barada habar berdi:

Azatlygyň Marydaky beýleki bir habarçysy, 11-nji noýabrda ýetiren maglumatynda welaýatyň oba ýaşaýjylarynyň pensiýa we döwlet kömek pullaryny nagtlaşdyrmak üçin regionyň Mary Baýramly ýaly iri şäherlerine gatnamaly bolýandyklaryny habar berdi.

5-nji noýabrda Azatlygyň ýurt içindäki habarçylary Daşoguz, Lebap we Mary welaýatlarynyň birnäçe etraplarynda ýerli ýaşaýjylaryň bank kartlaryndaky pensiýalaryny we döwlet kömek pullaryny nagtlaşdyrmakda uly kynçylyklara sezewar bolýandyklaryny habar beripdi.

Bu maglumatlaryň fonunda, Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 5-nji dekabrda Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygy Gadyrgeldi Müşşikow bilen geçiren iş maslahatynda “iň täze tehniki serişdeler hem-de bank hyzmatlaryny bazarlarda ornaşdyrmagy çaltlandyrmak” meselelerine üns çekdi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG