Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Maryda diňe “Senagat” bankyň bankomatlarynda pul bar. Änew, Ýaşlyk we Tejende bankomatlar kart ýuwudýar


Illýustrasiýa suraty.

Mary şäheriniň ýaşaýjylary üçin bankomatlardan pul nagtlaşdyrmak bilen bagly kynçylyklar saklanyp galýar. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 24-nji sentýabrda howpsuzlyk ýagdaýlary sebäpli gizlinlik şertlerinde habar berdi.

Onuň maglumatyna görä, tutuş şäherde diňe “Senagat” paýdarlar täjirçilik bankynda ýerleşýän bankomat işleýär. Habarçy beýleki jemgyýetçilik ýerlerde we banklarda ýerleşýän bankomatlarda nagt ýetmezçiliginiň dowam edýändigini habar berdi.

“Mary şäherinde bankomatlar boş, pul ýok. Plastik kartdan pul nagtlaşdyrmak üçin şu gün birnäçe ýere aýlandym. Mary şäherindäki aeroportda, wokzalda, “Halkbankda”, “Türkmenbaşy” bankynyň içinde we daşynda, “Türkmenistan” bankynyň içinde we daşynda, “Daýhanbankda” ýerleşýän bankomatlarda pul ýok. Ýekeje bankyň, ýagny “Senagat” bankynyň bankomatynda pul bar. Ol ýerde-de uly nobatlar saklanyp galýar” diýip, habarçy belledi.

Onuň sözlerine görä, “Senagat” paýdarlar täjirçilik bankynyň bankomatlaryndan bir saparda 100 manat möçberinde pul nagtlaşdyryp bolýar.

“Bir adam ýekeje kartdan öz zähmet hakyny almak üçin öz kartyny bankomata 8 sapar salyp çykarmaly bolýar. Sebäbi Türkmenistanda plastik kartdan bir günüň dowamynda 800 manat alyp bolýar” diýip, habarçy aýtdy.

Onuň sözlerine görä, zähmet hakyny nagtlaşdyrmak üçin kartlaryny yzly-yzyna bankomata salyp çykarmaga mejbur bolýan ýerli ýaşaýjylar 2 sagadyň dowamynda bary-ýogy 7 adama nobat ýetmeginden şikaýat edýärler.

“Gaty haýal işleýär. Sussy basylýan adamlar ‘ertir ýene-de gelip göreris’ diýip, öýlerine gaýdýarlar. Gaýtman, nobat ýeter diýip, garaşýanlar hem bar” diýip, habarçy belledi.

Onuň sözlerine görä, 23-nji sentýabrda ikindin ara sagat 18:00-e golaý bankomatda dörän tehniki näsazlyk pul nagtlaşdyrmaga garaşýan adamlaryň “keýpsiz öýlerine gitmeklerine” sebäp boldy:

“Polisiýa işgärleri adamlary kowup bankdan çykardy” diýip, habarçy belledi.

Bankomatlar we olardan adamlaryň pul nagtlaşdyrmak mümkinçilikleri bilen bagly problemalar ýurduň beýleki künjeklerinde-de dowam edýär.

Azatlyk Radiosynyň Ahal welaýatynyň Änew, we Tejen şäherlerine hem-de Ýaşlyk şäherçesine aýlanan ikinji habarçysy bu ýerlerde bankomatlardan pul nagtlaşdyrmagyň uly meseledigini aýtdy.

“Diňe pul däl, bankomatlar hem kadaly işlemeýär. Özüm şaýat boldum, bankomatlarda pul bolan ýagdaýynda-da bankomatlaryň kartlary ýuwutmak [ýaly endigi bar]. Bir sapar bir adam pul almak üçin azyndan 1.5 sagadyny gitdirdi” diýip, habarçy aýtdy.

Onuň sözlerine görä, karty bankomatda saklanyp galan raýatlar, ýörite “inkosator” işgärlerini getirip, almaly bolýarlar; karty yzyna almak işi, habarçynyň sözlerine görä, azyndan bir hepdä çekýär.

“[Karty yzyna almak üçin] adamlar para bermeli bolýarlar” diýip, habarçy sözüniň üstüni ýetirdi.

Türkmenistanda raýatlaryň zähmet haklaryny, pensiýalary we döwlet kömek pullaryny olaryň bank hasaplaryna geçirmek işleri soňky 6 ýyl töweregi wagtyň dowamynda tapgyrlaýyn esasda amala aşyryldy. Ýöne ýurt raýatlary hususan-da soňky iki ýyldan gowrak wagt bäri bankomatlardan pul nagtlaşdyrmakda dürli kynçylyklara duçar bolup gelýär.

Azatlyk Radiosynda ýurt raýatlarynyň bankomatlardan pul nagtlaşdyrmagy bilen bagly berilýän yzygiderli habarlaryň fonunda, 19-njy awgustda Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow “ýurduň banklary tarapyndan ornaşdyrylan bankomatlaryň işleýşine gözegçiligi gowşadandygy üçin” Merkezi bankyň başlygy Merdan Annadurdyýewe käýinç yglan etdi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG