Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Özbegistanlylar watanyň saýrak bilbili Otajon bagşynyň 75 ýaşynyň toýuny toýlaýar


Otajon Hudoýşükürow. Arhiw suraty
Otajon Hudoýşükürow. Arhiw suraty

Özbegistanda meşhur aýdymçy Otajon Hudoýşükürowyň doglan gününiň 75 ýyllygy toý-dabara bilen bellenilýär.

Özbegistanyň Medeniýet ministrligi tanymal bagşynyň hatyrasyny tutup, “Watan bilbili” ady bilen milli bäsleşik gurnady. Bagşylar bu bäsleşikde Otajon bagşynyň aýdan aýdymlaryny aýdýarlar.

5-nji dekabrda Dörtgülde Özbegistanyň, Garagalpagystanyň we Türkmenistanyň halk artisti Otajon Hudoýşükürowyň döredijiligine bagyşlanan ylmy-praktiki maslahat geçirildi

Bu çärelere ýerli halk bilen bilelikdeTürkmenistandan, Orsýet Federasiýasyndan we Tatarystandan gelen myhmanlar,bagşynyň janköýerleri hem gatnaşdy.

Otajan bagşy hakynda ýazylan kitabyň awtory, 82 ýaşyndaky şahyr Erkin Madrahimow (Oşik Erkin) bagşy bilen özüniň 56 ýyl mundan öň tanşandygyny gürrüň berdi.

1963-nji ýylda Horezm telewideniýesinde Otajon Hudoýşükürow hakynda bir sagatlyk telegepleşik taýýarladym, gepleşik göni efirde berilýärdi. Otajon ol wagt 21 ýaşyndady. Ol baryp 9 ýaşynda, heniz çagaka respublikada geçirilen aýdym bäsleşiginde ýeňiji bolupdy. 23 ýaşynda oňa Garagalpagystanyň at gazanan artisti diýen at berildi. Soňra ol Özbegistanyň, Garagalpagystanyň, Türkmenistanyň we Tatarystanyň halk artisti diýen atlara mynasyp boldy. Şeýle-de ol Hamza adyndaky döwlet sylagy bilen sylaglandy” diýip, Erkin aga Azatlyk radiosynyň Özbek gullugy bilen söhbetdeşlikde aýtdy.

Azatlyk radiosy bagşynyň 38 ýaşly gyzy Indira Hudoýşükürowa bilen hem söhbetdeş boldy. Häzir iňlis dili mugallymy bolup işleýänIndira öz maşgala albomyndan alyp, Azatlygyň özbek gullugyna kakasynyň ozal görülmedik fotosuratlaryny hem görkezdi.

Men Otajon Hudoýşükürowyň gyzy bolandygyma buýsanýaryn. Ol hemişe işlidi. Ýöne muňa garamazdan, ol meniň bilen oýnamaga-da, gürleşmäge hem wagt tapardy... Men ýaşlykda onuň il işinde beýle meşhurdygyny bilmezdim. Meniň ony hemişe göresim gelerdi. Onuň maňa welosiped sürmegi öwredişi şu günki ýaly ýadymda, hatda ol meň bilen futbol hem oýnardy. ..Meniň oňa gözüm giderdi. Ony hemmeler gowy görerdi” diýip, Indira aýtdy.

“Eger-de Otajon Hudoýşükürow Italiýada doglan bolsa, ol Paworotti ýaly opera aýdymçysy bolardy” diýip, horezmli hudožnik we opera aýdymçysy Ikram Kalandarow Azatlyk bilen söhbetdeşlikde aýtdy.

“Otajon Hudoýşükürow meniň iň gowy dostumdy” diýip, şahyr Omon Majon aýtdy. “Biz örän ýakyn dostduk, eger-de ol Daşkende gelse, men onuň bilen hemişe görşerdim” diýip, Omon Majon gürrüň berdi.

Merhum şahyr Abdulla Aripow ýogalmazyndan öň, 2009-njy ýylda Azatlyk bilen eden söhbetdeşliginde özüniň Otajon bagşynyň kakasy bilen ýakyn dost bolandygyny, olaryň ataly-ogul bolup, öz goşgularyna döredilen aýdymlary bile aýdandygyny gürrüň beripdi.

Şahyr Омон Маjон bolsa onuň özüni opera hudožnigi bolmaga hyjuwlandyryşyny ýatlady.

Men Otajondan “Siz neme üçin Nowaýy teatryna barmaýarsyňyz? Siziň sesiňiz opera gaty gowy gelýär” diýdim. Emma ol “Eý, Omon, opera sungaty çylşyrymly, inçe sungat, bize adamlar şu ýol-ýodany ynandy, halypalar pata berdi, şu ýolumyz bilen gidibereli, sag bol maslahatyňa” diýip jogap berendigini ýatlady.

Otajon Hudoýşükürow 1944-nji ýylyň oktýabrynda Dörtülde doguldy we 1994-nji ýylyň dekabrynda aradan çykdy. Bagşynyň ömrüniň soňky günlerinde onuň ýanynda bolan žurnalist Ruzimbaý Hasan Azatlyk radiosyna onuň iň soňky aýdymyny aýdyşyny gürrüň berdi.

“Ol hassa bolan döwründe üç ýyllap aýdym aýtmady, soňky aýdymyny aýdanyndan 16 gün soňra bolsa dünýäsini başgalady” diýip, Ruzimbaý Hasan aýtdy.

Azatlyk radiosynyň Özbek gullugynyň makalasy esasynda taýýarlandy.

XS
SM
MD
LG