Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Özbegistanyň prezidenti 92 raýatyň günäsini geçdi


Bezeg suraty
Bezeg suraty

Özbegistanyň prezidenti Şawkat Mirziýoýew “jezasyny çekýän we eden jenaýatyna çyndan ökünip, ak ýürekden toba eden” tussaglar toparynyň günäsini geçmek baradaky karara gol çekdi diýip, özbek mediasy habar berýär.

Ýurduň Baş kanunynyň kabul edilmeginiň 27 ýyllygyna gabatlanyp yglan edilen günä geçiş 92 raýaty öz içine alýar, olardan 79 adam gadagan edilen guramalara gatnaşandygy üçin sud edilen bolup durýar.

20 tussag jezalaryny çekmekden doly boşadylýar, 37 adam şertli-wagtyndan öň azat edilýär. 16 tussaga bellenen jezalar has ýeňil jezalar bilen çalşyrylýar.

Şeýlelikde, jeza öýlerinden 73 adam boşadylýar, 19 tussagyň türme möhleti azaldylýar.

Günäsi geçilýänleriň arasynda ýaşy 60-dan geçen üç erkek we üç aýal bar.

XS
SM
MD
LG