Birleşen Ştatlaryň we “Talybanyň” resmileri ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp üç aý ozal 19 ýyla golaýlan urşy soňlamak ugrundaky gepleşikleri birden togtadaly bäri ilkinji gezek resmi gepleşikleriň gaýtadan başlanandygyny yglan etdiler.
ABŞ-nyň wekili Zalmaý Halilzad Katarda “Talyban” resmileri bilen 7-nji dekabrda, gepleşikleriň öňki geçen ýerinde duşuşandygyny we gepleşikleriň 8-nji dekabrda hem dowam etjekdigini aýtdy.
Gepleşikleriň dikeldilmegi Trampyň 28-nji noýabrda, garaşylmadyk ýerden Owganystana, ABŞ goşunlarynyň ýanyna “Thanksgiving saparyna” gelip, “Talyban” ylalaşyk baglaşmak isleýär we biz olar bilen duşuşýarys” diýmeginiň yz ýanyna gabat gelýär.
Emma degişli taraplar resmi gepleşikleri 7-nji dekabra çenli tassyk etmediler.
ABŞ-nyň beýanatynda täze duşuşyklaryň ozaly “Talybanyň”zorluklary jylawlamak wadasyny nazarlajakdygy, emma esasy maksadyň hemişelik ýaraşyk boljakdygy aýdylýar.