Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Minskde ýüzlerçe adam Russiýa bilen has kän ‘integrasiýa’ garşy tertip ikinji gün ýöriş geçirdi


8-nji dekabrdaky ýörişde protestçileriň köpüsi ilkinji garaşsyz belarus döwletiniň gadagan edilen gyzyl çyzykly baýdagyny hem göterdi.
8-nji dekabrdaky ýörişde protestçileriň köpüsi ilkinji garaşsyz belarus döwletiniň gadagan edilen gyzyl çyzykly baýdagyny hem göterdi.

Belarusyň paýtagtynda ýüzlerçe protestçi Russiýa bilen “integrasiýanyň çuňlaşdyrylmagyna” garşy tertip ikinji gün protest geçirdi.

Mundan bir gün öň, ýagny 7-nji dekabrda hem Minskde şuňa meňzeş rugsat berilmedik ýöriş geçirilipdi.

Bu demonstrasiýalar Russiýanyň we Belarusyň liderleriniň iki ýurduň arasyndaky bileleşik şertnamasyny maslahatlaşmak üçin 7-nji dekabra bellenen duşuşygyna gabatlanyp, Moskwanyň mundan aňryk hem integrirlenmek baradaky basyşlaryny artdyrmagynyň fonunda gurnaldy.

Rus prezidenti Wladimir Putin bilen belarus prezidenti Aleksandr Lukaşenkanyň Gara deňiz boýundaky Soçi kurortynda geçiren duşuşygy bileleşik şertnamasynyň baglaşylmagynyň 20 ýyllygyna gabat geldi.

Bu iki ýurt 1999-njy ýylda birleşdirilen döwlet döretmek baradaky şertnama gol çekdi, emma ol iki onýyllyk soňra hem esasan kagyz ýüzünde galýar.

Putin we Lukaşenka 7-nji dekabrdaky duşuşygyň dowamynda kabul edilen netijeler boýunça hiç zat aýtmadylar. Emma, rus we belarus habar gulluklary 20-nji dekabrda Sankt-Peterburgda hem bu mesele boýunça duşuşygyň geçiriljekdigini mälim etdiler.

Adam hukuklaryna gözegçilik edýän Wýasna toparynyň maglumatyna görä, 8-nji dekabrdaky ýörişe 600 töweregi adam gatnaşypdyr. Russiýanyň ilçihanasyna tarap geçirilen ýörişde protestçileriň köpüsi ilkinji garaşsyz belarus döwletiniň gadagan edilen gyzyl çyzykly baýdagyny hem göterdi.

XS
SM
MD
LG