Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Gazagystanda aktiwistler iki etniki gazagyň Hytaýa deportasiýa edilmeginiň öňüni almaga çagyrýarlar


Hytaýly etniki gazaklar Murager Alimuly we Kaster Musakhanuly. Almaty. 14-nji oktýabr, 2019 ý.

Gazak oppozisiýa aktiwistleri ýurt resmilerine ýüzlenip, Hytaýyň demirgazyk-günbataryndaky Şinjiang sebitinden gelen iki etniki gazagyň yzyna deportasiýa edilmeginiň öňüni almaga çagyrdylar.

Aktiwistler eger-de Murager Alimuly we Kaster Musakhanuly Hytaýa iberilse, onda olaryň ol ýerde gynamalara sezewar boljakdyklaryny aýtdylar.

Geçen hepde Gazagystanyň Milli Howpsuzlyk Komiteti iki etniki gazagyň Hytaýa deportasiýa ediljekdigini mälim edipdi.

Aktiwistler Gazagystanyň dünýäniň ähli künjegindäki gazaklaryň hak-hukugyny goramaga borçlydygyny bellediler.

Alimuly we Musakhanuly hytaý-gazak serhedini bikanun geçmekde aýyplanyp, deslapky tussaghana ýerleşdirildi.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG