Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eýranly deputat ýurtdaky “zalymlygy” tankytlady


Eýranly deputat Parwaneh Salahşuri
Eýranly deputat Parwaneh Salahşuri

Eýranda öz pikirini açyk beýan edýän aýal deputat ýurtdaky “zalymlygyň”, şeýle-de “parallel” döwlet institutlarynyň we merkezleşdirilen dolandyryşyň netijesinde ýurduň syýasy ulgamynyň “respublika” yşaratlarynyň weýran edilýändigini belledi.

Parwaneh Salahşuri 9-njy dekabrda parlamentde eden çykyşynda “ähli ýeňillikleriň hözirini görýän az sanly adamlardan özgeleriň gözden düşürilýändigini” hem aýtdy.

Şeýle-de, ol: “Eger-de [resmiler] adaty adamlaryň arasynda bolsalardy, olar garypçylygyň ezýetlerini öz eginleri bilen çekerdiler” diýip, sözüne goşdy.

Eýran mediasynyň maglumatyna görä, Salahşuriniň çykyşy beýleki deputatlaryň gaharyny getiripdir. Olar Salahşuriniň üstüne gygyryp, onuň mikrofonynyň hem öçürilmegini talap edipdirler.

Mundan öň, Eýranda benziniň nyrhlarynyň artdyrylmagyna garşy ençeme günläp protestler geçirilipdi.

XS
SM
MD
LG