Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan Bitaraplyk baýramyny belleýär


Illýustrasiýa suraty. Aşgabatdaky Bitaraplyk binasy

12-nji dekabrda Türkmenistanda Bitaraplyk baýramy bellenip geçilýär.

Bu sene mynasybetli Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow çarşenbe güni türkmenistanlylary gutlady.

Türkmen döwlet habarlar agentliginiň (TDH) resmi websaýtynda çap edilen gutlagda döwlet baştutany bu senäni “halkara baýramçylyk” atlandyrdy:

“Bitaraplyk biziň alyp barýan içeri we daşary syýasatymyzyň binýatlyk esasyny düzýän, halkara gatnaşyklaryny many-mazmun taýdan baýlaşdyrýan we onuň ugurlaryny kesgitleýän netijeli gurala öwrüldi” diýip, türkmen lideri baýramçylyk gutlagynda aýtdy.

Hökümet tankytçylary we halkara synçylar Türkmenistanyň bitaraplyk statusyny türkmen hökümetiniň daşky dünýäden üzňeleşmegiň guraly hökmünde ulanýandygyny aýdýarlar.

“Biz asyrlaryň dowamynda kemala gelen parahatçylyk, hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerimizi rowaçlandyrmak ... bilen, Bitaraplyk syýasatymyzyň dünýä üçin nusgalyk bolmagyny gazandyk” diýip, prezident belledi.

Synçylar döwlet ideologiýasynyň ýurt bitaraplygyna emeli taryhy öwüşgin bermäge synanyşýandygyny aýdýarlar. Ýatladyp geçsek, 9-njy dekabrda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň bir ylmy işgäri "GDA-nyň sesi" radiosyna beren interwýusynda ýurduň bitaraplyk syýasatynyň öz taryhy köklerini Parfiýa şalygyndan alyp gaýdýandygyny öňe sürdi. Ol Parfiýa şalygyny türkmenleriň esaslandyrandygyny öňe sürüp, olaryň biziň eramyzdan soň 69-njy ýylda Rim imperiýasy bilen parahatçylyk ylalaşygyny baglaşandygyny we kanuny esasda taryhda ilkinji gezek bitaraplyk statusyna eýe bolandygyny aýdýar.

Ylym işgäri öňe sürýän bu maglumatlaryny taryhy çeşmeler arkaly delillendirmedi.

"Türkmenistanyň daşary syýasaty: Oňyn bitaraplyk we türkmen režiminiň berkişmegi” atly kitabyň awtory hem-de Glasgow uniwersitetiniň Merkezi Aziýa boýunça mugallymy Luka Ançeski 10-njy dekabrda Azatlyk Radiosyna beren interwýusynda türkmen alymynyň sözlerine "toslama" diýdi.

Ançeskiniň sözlerine görä Türkmenistanyň bitaraplyk syýasatynyň döwlet wagzynda mundan ozal hem dürli taryhy giňişliker bilen häzirkizaman türkmen bitaraplygynyň arasynda baglanyşyk gurmak boýunça synanyşyk edildi.

Şol bir wagtyň özünde, türkmen döwlet mediasy häzirkizaman Türkmenistanyň dünýädäki ýeke-täk hemişelik bitarap döwletdigini aýdýar.

Türkmenistanda häkimiýetler esasy döwlet baýramçylyklarynyň öňüsyrasynda olara taýýarlyk çärelerine tas 1 aý öňünden badalga berip, býujet işgärlerini, studentleri, okuwçylary we beýlekileri çärelere mejbury gatnaşdyrýarlar. Şeýle-de, ýurduň dürli regionlarynda döwlet telewizion kanallarynyň efirine niýetläp, emeli medeni-jemgyýetçilik çäreleri gurnalýar, soňra döwlet telewideniýesinde baýramçylyk güni bu çäreler efire berilýär.

Ýatlasak, 18-nji noýabrda Azatlygyň habarçysy Mary welaýatynda býujet işgärleriniň, studentleriň, okuwçylaryň we çagalar baglarynyň körpeleriniň Bitaraplyk güni mynasybetli geçirilýän köpçülikleýin taýýarlyk çärelerine gatnaşmaga mejbur edilýändiklerini habar berdi.

11-nji dekabrda Türkmenistanyň döwlet telewideniýesi bitaraplyk baýramçylygy mynasybetli ýurt boýunça geçirilen köpçülikleýin medeni-jemgyýetçilik çäreleri barada habar berdi. Azatlyk Radiosynyň ýurt içindäki habarçylary bu saparky baýramçylyk bilen bagly geçirilýän döwlet çärelerine hem döwlet-edara kärhanalarynyň işgärleriniň mejbury gatnaşdyrylýandygyny habar berýärler.

Maryly habarçymyz 12-nji dekabrda Mary şäheriniň Mollanepes köçesiniň ugrundaky döwlet baýdagynyň öňünde baýdak galdyrmak dabarasyna welaýatyň her bir döwlet edarasyndan 10 adamyň mejbury gatnaşdyrylýandygyny habar berdi.

Türkmenistanyň bitaraplyk statusy 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynda ykrar edildi. Türkmenistanyň teklibi bilen, 2017-nji ýylda BMG 12-nji dekabry Halkara Bitaraplyk güni yglan etdi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Teswirleri gör (1)

Şu forum ýapyk

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG