Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Mary Bitaraplyk gününe taýýarlanýar: Raýatlara çäreler barada gürlemezlik tabşyrylýar


Türkmenistanyň "Altyn Asyr" döwlet telekanalyndan alnan surat

Mary welaýatynda býujet işgärleri, studentler, okuwçylar we çagalar baglarynyň körpeleri Bitaraplyk güni mynasybetli geçirilýän köpçülikleýin taýýarlyk çärelerine gatnaşmaga mejbur edilýär. Şeýle-de, olara çäreler barada gürrüň etmezlik tabşyrylýar. Bu barada Azatlyk Radiosynyň Marydaky habarçylarynyň biri habar berýär.

“Mary şäheriniň Atabaýew köçesiniň ugrunda ýerleşýän täze stadionda Bitaraplyga taýýarlyk çäreleri geçirilýär. 18-nji noýabrda Baýramaly şaýolunyň ugrunda ýerleşýän at aylawynda hem çäre geçirildi. Bu çäreler aýyň başyndan bäri geçirilip, oňa günde diýen ýaly gatnamaly”diýip, habarçy 19-njy noýabrda gürrüň berdi.

Onuň sözlerine görä, adamlar çäräniň haçan telewideniýä surata düşüriljekdigini bilmeýärler. Olar çäräniň geçirilýän ýerine her gün taýýarlyk derejesinde, ýagny talap edilýän egin-eşiklerde barmaly bolýarlar.

“Welaýat häkimliginiň işgärleri edara ýolbaşçylaryna çäräniň telewideniýä surata düşüriljekdigini bir sagat öňünden aýdýarlar. Edara ýolbaşçylaryna hemişe taýyn bolmalydyklaryny aýdýarlar. Adamlar bu barada köplenç çärä baranda bilip galýar” diýip, habarçy häkimligiň we býujet işgärleriniň ençemesine salgylanyp aýtdy.

Şeýle-de, habarçy çärä gatnaşýan býujet işgärleriniň doly salgylanyň bellenilip alynýandygyny we olara çäre barada gürrüň etmegiň gadagan edilýändigini hem belledi.

Azatlyk Radiosynyň bu barada Mary welaýat häkimliginden kommentariý almak boýunça edýän yzygiderli synanyşyklary häzirlikçe netije bermedi.

Ýöne bu habar, prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurt resmilerine Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli "meýilleşdirilen çäreleriň taýýarlyk işlerine ýokary derejede ähmiýet bermegi tabşyran" mahalyna gabat geldi. Döwlet baştutany bu barada 18-nji noýabrda geçiren sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatynda aýtdy.

Türkmenistanda bellenilýän baýramçylyklaryň ýa-da dabaralaryň öňýanynda, müňlerçe adamyň gatnaşmagynda köpçülikleýin taýýarlyk çäreleri geçirilýär.

Käte bu çäreler döwlet telekanallaryna wideo reportažlary öňünden taýýarlap goýmak üçin baýramçylyklardan ýa-da dabaralardan birnäçe gün öň surata düşürilýär.

Bu çäreleriň geçirilýän ýerine barmak we ondan gaýtmak, olarda geýiljek baýramçylyk egin-eşiklerini satyn almak üçin sarp edilýän maliýe serişdesi raýatlaryň üstüne ýüklenýär.

“Bu çärä ene-ata we olaryň çagalary gatnaşýan bolsa, ýagdaý has-da kyn. Olar özlerinden başga-da, çärelerde çagalaryndan talap edilýän zatlary hem üpjün etmeli bolýarlar. Adamlar şu wagt azyk we hyzmatlaryň gymmatçylygyndan, aýlyklaryň öz wagtynda berilmezliginden ejir çekýär” diýip, maryly habarçy aýtdy.

Resmi metbugatda bu dabaralara ýurt raýatlarynyň “uly joşgun we höwes bilen gatnaşýandygy” aýdylýar. Ýöne ýurt raýatlarynyň bu çäreler üçin sarp edýän maliýe serişdesi hem-de olara adamlaryň mejbury gatnaşdyrylmagy barada hiç zat aýdylmaýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Teswirleri gör

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG