Gazak oppozisionerleriniň we raýat hukuklaryny gorap çykyş edýän aktiwistleriň onlarçasy hukuklaryň giňeldilmegini we ähli syýasy tussaglaryň azatlyga goýberilmegini talap etmek üçin Gazagystanyň paýtagty Nur-Sultanyň merkezinde we ýurduň iň uly şäheri Almatyda ýygnandylar.
16-njy dekabrda, Gazagystanyň Garaşsyzlyk gününde Almaty şäherinde 100-den gowrak we Nur-Sultanda onlarça adam protest geçirýär.
Şeýle-de, bu sene Gazagystanyň öňki paýtagty Almatyda geçirilen sowetlere garşy köpçülikleýin demonstrasiýalaryň 33-nji ýyl dönümine we ýurduň günorta-günbataryndaky Žanözen şäherinde polisiýanyň nebit işçileriniň geçiren protestlerini ýowuz derejede basyp ýatyrmagynyň 8-nji ýyl dönümine gabat gelýär.
Almatyda we Nur-Sultanda geçirilýän protestlere gatnaşanlar “Gazagystan, oýan” ýaly şygarlary gygyrdylar.
Ýerli resmiler demonstrantlara rugsatsyz ýörişleri geçirýändiklerini aýdyp, olary bes etmäge çagyrdylar.
Demonstrasiýalaryň öň ýanynda, Gazagystanyň çäginde polisiýa tarapyndan onlarça adam, şol sanda žurnalistler tussag edildi.