Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Lebabyň köçelerinde para alana we berene gözegçilik güýçlendi


Türkmenistanda ýol polisiýasy sürüjiniň resminamalaryny barlaýar.
Türkmenistanda ýol polisiýasy sürüjiniň resminamalaryny barlaýar.

Şu günler Lebapda Polisiýanyň ýol gözegçiligi gullugynyň (PÝGG) işgärlerine we olara para beren ýa-da para berendigi öýdülýän raýatlara gözegçilik güýçlendi diýip, Azatlyk Radiosynyňbu welaýatdaky habarçylarynyň biri habar berýär.

“Welaýat prokuraturasynyň we MHM-niň işgärleri PÝGG-niň işgärlerini derňemek boýunça berk iş alyp barýar. PÝGG-niň işgärlerine gulluk wezipesini amala aşyrýan mahaly, ýagny iş wagtynda islendik adam bilen el berip salamlaşmak we gürleşmek gadagan edilipdir. Soňky bir hepdäniň dowamynda para almakda güman edilýän 15 çemesi polisiýa işgärine garşy derňew başladylypdyr” diýip, howpsuzlyk aladalary sebäpli gizlinlik şertinde söhbetdeş bolan habarçy 16-njy dekabrda aýtdy.

Habarçy häzirki wagt PÝGG-niň işgärlerine uzakdan ýa-da buky ýerlerden gözegçilik edilip, olaryň gizlin kamera düşürilýändigini aýtdy we ýakynda bolan bir wakany gürrüň berdi.

“Saýat etrabynyň bir ýaşaýjysy Türkmenabadyň ýol polisiýasynda işleýän bir tanşy bilen el berip salamlaşyp, 5 minut çemesi gürleşip durýar. Şondan bäri polisiýa işgäri we saýatly ýaşaýjy prokuratura we MHM işgärleri tarapyndan soraga çagyrylýar. Olara özleriniň salamlaşyp, soňra-da gürleşip duran pursatlarynyň gizlin düşürilen wideosy görkezilipdir. Ýaşaýjy olara ‘polisiýa işgäri meniň tanşym’ diýse-de, ony diňlemeýärler. Olar ýaşaýja ‘Seniň ýol polisiýasyna para beren bolmagyň mümkin’ diýen şübhe bilen, her gün soraga çagyrýarlar” diýip, habarçy belledi.

Azatlyk Radiosynda bu wakanyň haçan we nirede bolandygy, şeýle-de oňa kimleriň gatnaşandygy barada doly maglumat bolsa-da, howpsuzlyk aladalary sebäpli olary köpçülige mälim etmekden saklanýar.

Aýdylmagyna görä, prokuratura we MHM işgärleri bu waka bilen ilteşikli soraga çagyrylýan ýaşaýja “Türkmenistanyň kanunçylygynda para berenem, para alanam deň jogapkärçilige çekilýär” diýip, onuň “para berendigini boýun almagy üçin basyş edýärler”.

Azatlyk Radiosyna ýokarda gürrüňi edilýän ýagdaýlar barada Lebap welaýat prokuraturasyndan we Milli howpsuzlyk ministrliginiň Türkmenabatdaky bölüminden kommentariý almak başartmady.

Ýöne bu habarlar, Lebapda polisiýa işgärlerine garşy iki aý çemesi wagt dowam eden güýçli gözegçilikden soň, olaryň işine ünsüň gaýtadan gowşadylandygy baradaky habarlaryň yzýanyna gabat geldi.

5-nji dekabrda Lebapda raýatlaryň ulag serişdelerini döwlet tehniki barlagyndan geçirende resmi töleglerden başga-da, azyndan 100 manat möçberde para bermäge mejbur bolýandygyny, Azatlygyň habarçysy habar beripdi. Şonda ol welaýatda polisiýa işgärlerine gözegçiligiň gowşadylana meňzeýändigini aýdypdy.

Bu habardan bir aý gowrak öň, ýagny 1-nji noýabrda habarçy soňky bir aýa golaý wagt bäri welaýatyň çäginde köçe-ýol hereketine gözegçilik edýän polisiýa işgärleriniň “[sürüjilerden para almak babatda] sähel gowşana meňzeýändigini aýdyp, täze ministriň berk tutýana çalym edýändigini” hem belläpdi.

1-nji oktýabrda Türkmenistanyň şol wagtky içeri işler ministri Isgender Mulikow wezipeden boşadylyp, onuň ornuna Ministrler Kabinetiniň başlygynyň öňki orunbasary Mämmethan Çakyýew bellenildi.

Munuň yzýany, Azatlygyň habarçylarynyň maglumatlaryna görä, ýurduň dürli regionlarynda PÝGG-niň işgärlerine gözegçilik güýçlendi we olaryň ilatdan para almagy bilen bagly wakalar hem selçeňledi.

Türkmen häkimiýetleri polisiýa işgärlerine gözegçiligiň güýçlenmegi ýa-da gowşadylmagy, parahorluk wakalary baradaky habarlary ne tassyklaýar, ne-de inkär edýärler. Bu barada resmi media hem dymýar.


Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG