Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Lebabyň her etrabynda ulag serişdeleriniň döwlet tehniki barlagyny geçirmäge mümkinçilik dörediljegi aýdylýar


Illýustrasiýa suraty.

Parahorlyk zerarly ýüze çykan negileliklerden soň, IIM-niň Lebabyň ähli etraplarynda ulag serişdeleriniň döwlet tehniki barlagyny geçirmäge mümkinçilik döretjekdigi aýdylýar

1 – 10-njy noýabrdan başlap, Içeri işler ministrliginiň Lebap welaýatynyň ähli etraplarynda raýatlaryň hususy ulaglaryny döwlet tehniki barlagyndan geçirip, olara guratlyk hatyny almagyna mümkinçilik döretjekdigi aýdylýar. Mundan ozal, Lebap welaýatynyň ýaşaýjylary diňe welaýat merkezi Türkmenabatda ulaglaryny döwlet tehniki barlagyndan geçirip bilýärdi. Bu barada Azatlyk Radiosynyň ýurt içindäki habarçysy howpsuzlyk ýagdaýlary sebäpli atlandyrylmazlyk şertinde 1-nji noýabrda habar berdi.

“1-nji we 10-njy noýabrdan Lebap welaýatynyň ähli etraplarynyň özünde raýatlaryň hususy ulaglaryny döwlet barlagyndan geçirip, guratlyk hatyny almaga mümkinçiligiň dörediljekdigi aýdylýar” diýip, Azatlyk Radiosynyň habarçysy ýurt içinden habar berdi.

Onuň Lebapdan iberen maglumatlaryna görä, raýatlaryň hususy awtoulaglarynyň döwlet tehniki barlagyndan geçirilmegi bilen baglylykda Içeri işler ministrliginiň degişli edaralarynda ýol berilýän bidüzgünçilikler, şol sanda parahorlyk ýerli ýaşaýjylaryň nägileligine sebäp bolup gelýärdi.

“Içeri işler ministrligi awtoulaglaryň tehniki gözegçiligi (tehosmotr) babatda dürli parahorlyk we çäklendirmeler bilen halkyň nägile bolmagyna sebäp bolup gelýär. Bu hiç kime syr däl” diýip, habarçy aýtdy.

Onuň sözlerine görä, welaýatyň ähli etraplarynda Awtoulaglaryň tehniki guratlygyny gözegçilikden geçirýän merkeziň açylmagy ýerli sürüjileriň işini ýeňleder:

“Indi welaýatyň Darganata we Köýtendag ýaly etraplaryň ýaşaýjylarynyň awtoulag guratlyk haty üçin 500 kilometr ýol söküp Türkmenabada gelmegi aradan aýrylar” diýip, habarçy aýdýar.

Lebap welaýatynyň düzümine 10 etrap 5 şäher we birnäçe şäherçe girýär. Şu wagta çenli welaýatyň diňe administratiw merkezi Türkmenabat şäherinde ýeke-täk Awtoulaglaryň tehniki gözegçilik merkezi bardy.

“Lebap welaýatynyň merkezinde polisiýanyň ýeke-täk ulag tehniki gözegçilik merkezi ýerleşýär we onuň ýeke-täk bolmagy parahorlygyň möwjemegine sebäp bolýar” diýip, habarçy ýerli ýaşaýjylaryň ençemesine salgylanýar.

Onuň maglumatlaryna görä, soňky bir aýa golaý wagt bäri welaýatyň çäginde köçe-ýol hereketine gözegçilik edýän polisiýa işgärleri “[sürüjilerden para almak babatda] sähel gowşana meňzeýär, täze ministr berk tutýana meňzeýär”

Lebabyň ähli etraplarynda ulaglaryň döwlet tehniki barlag merkezleriniň açyljakdygy barada aýdylýan gürrüňler, ýurduň içeri işleri ministriniň täzelenmeginden 1 aý soňa gabat gelýär.

Ýatladyp geçsek, 1-nji oktýabrda Türkmenistanyň şol wagtky içeri işler ministri Isgender Mulikow wezipeden boşadylyp, onuň ornuna Ministrler kabinetiniň başlygynyň öňki orunbasary Mämmethan Çakyýew bellenildi. Oktýabryň başynda ýurduň baş prokurory Batyr Atdaýewiň döwlet telewideniýesinde efire berlen derňew hasabatyna görä, ýol gözegçiligi gullugynyň birnäçe polisiýa işgäri parahorlykda aýyplanyp tussag edildi, döwlet telewideniýesi eli gandally öňki polisiýa işgärleriniň kameranyň öňünde eden tobalaryny efire berdi.

Munuň yzýany, Azatlygyň habarçylarynyň maglumatlaryna görä, ýurduň dürli regionlarynda PÝGG-niň işgärlerine gözegçilik güýçlendi.

10-njy oktýabrda Azatlyk Radiosynyň Mary welaýatyndaky habarçysy Maryda PÝÝG-niň işgärlerine gözegçiligiň güýçlenendigini habar berdi:

PÝGG-niň işgärleri sürüjilere diňe döwlet tarapyndan kesgitlenen jerimäni ýazýarlar. Öňler olar jerimäni ýazman, onuň ýarysy möçberde para alyp goýberýärdiler” diýip, maryly habarçy aýdýar.

Polisiýa işgärlerine edilýän gözegçilik ýerli ýaşaýjylary sähel rahatlatsa-da, olaryň arasynda täze ýagdaýyň uzaga çekmejeginden howatyr edýän adamlar bar:

“Bu ýagdaý näçe wagt dowam eder, belli däl” diýip, lebaply bir ýaşaýjy Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeşlikde aýtdy.

Teswirleri gör

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG