Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Nyýazowyň heýkeline gül goýmak çäresi boldy. Oňa Berdimuhamedow gatnaşmady


Saparmyrat Nyýazowy Aşgabadyň "Garaşsyzlygyň 10 ýyllygy" seýilgähindäki heýkeli. Türkmen döwlet habarlar agentliginiň websaýtyndan alnan surat.
Saparmyrat Nyýazowy Aşgabadyň "Garaşsyzlygyň 10 ýyllygy" seýilgähindäki heýkeli. Türkmen döwlet habarlar agentliginiň websaýtyndan alnan surat.

21-nji dekabrda Aşgabadyň “Garaşsyzlygyň 10 ýyllygy” seýilgähinde Türkmenistanyň ilkinji prezidenti Saparmyrat Nyýazowyň heýkeline gül goýmak çäresi boldy. Geçen ýyldan tapawutlylykda, bu ýyl bu çärä ýurduň häzirki prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow gatnaşmady.

“...Ir bilen paýtagtyň ‘Garaşsyzlygyň 10 ýyllygy’ seýilgähiniň öňündäki meýdançada Mejlisiň, din hem-de jemgyýetçilik guramalaryň wekilleri, ýaşulular, talyp ýaşlar we köp sanly aşgabatlylar ýygnandylar” diýlip, döwlet telewideniýesiniň maglumatynda aýdylýar.

Şol bir wagtda, habarda Berdimuhamedowyň şu ýylyň 6-njy oktýabrynda Ýatlama güni mynasybetli ýurduň ilkinji prezidentiniň hatyrasyny tutandygy aýdyldy. Şonda prezidentiň Nyýazowyň heýkeline gül çemenini goýup, aýat-doga okandygy aýdyldy.

“Watanymyzyň özygtyýarlylygyny goramak, dünýä giňişliginde Türkmenistany ykrar etdirmek boýunça Saparmyrat Nyýazowyň uly işleri bitirendigini bellemek bilen milli liderimiz şol işleriň unudylmaly däldigini aýtdy” diýlip, TDH-nyň çap eden makalasynda bellenilýär.

1985-nji ýyldan tä ömrüniň soňky ýyllaryna çenli Türkmenistana ýolbaşçylyk eden S.Nyýazow 2006-njy ýylyň 21-nji dekabrynda aradan çykdy we 2007-nji ýylda häkimiýet başyna gelen Berdimuhamedow ýurduň ilkinji prezidentiniň içeri we daşary syýasatyny gyşarnyksyz dowam etdirmegi wada berdi.

Geçen ýylyň 21-nji dekabrynda döwlet baştutany “Garaşsyzlygyň 10 ýyllygy” seýilgähinde Nyýazowyň heýkeline gül goýmak çäresine gatnaşdy we şol günüň özünde, ýakynlap gelýän Täze ýyl mynasybetli guralan aýdym-sazly dabarada nemes dilinde aýdym aýtdy.

XS
SM
MD
LG