Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Orsýetiň we Ukrainanyň energiýa ministrleri täze gaz şertnamasy boýunça duşuşýar


Orsýetiň energiýa ministri Aleksandr Nowak (ç) we Ukrainanyň energiýa ministri Oleksiý Oržel (s), Berlin, 19-njy dekabr, 2019
Orsýetiň energiýa ministri Aleksandr Nowak (ç) we Ukrainanyň energiýa ministri Oleksiý Oržel (s), Berlin, 19-njy dekabr, 2019

Orsýetiň we Ukrainanyň döwlet eýeçiligindäki gaz kompaniýalary tebigy gaz söwdasyna degişli täze şertnamany düzmek ugrunda 26-njy dekabrda Wenada duşuşýarlar.

Orsýetiň "Gazprom" we Ukrainanyň "Naftogaz" kompaniýalarynyň resmileri 1-nji ýanwarda möhleti dolýan 10 ýyllyk gaz kontraktyny çalyşmak meselesine seredýärler. Täze bäş ýyllyk kontrakt Orsýetiň gyş möwsüminde Ýewropa gaz akdyrmagyny dowam etdirmegini göz öňünde tutýar.

"Biz öz 'öý işlerimizi' eýýäm jemledik: biz gol çekilmegine taýýar şertnamanyň taslamasyny taýýarladyk" diýip, "Naftogazyň" ýerine ýetiriji müdiri Ýuriý Witrenko Facebook arkaly mälim etdi.

Orsýetiň energiýa ministri Aleksandr Nowak ylalaşygyň şu hepdede jemlenjegini Orsýetiň mediasy arkaly 25-nji dekabrda habar berdi.

Iki goňşy ýurduň energiýa gatnaşyklary has uly geosyýasy göreşiň bir bölegi bolup durýar. Bu Orsýetiň Ukrainanyň Krym ýarymadasyna girip, 2014-nji ýylda öz düzümine goşmagyny, ýurduň gündogarynda separatistleri goldamagyny, şeýle-de güman edilýän kiber hüjümlerini, propagandany, adam hukuklarynyň depelenmegi bilen bagly halkara sud işlerini öz içine alýar.

XS
SM
MD
LG