Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabatda gurlan täze binalar toý-dabara bilen ulanylyşa berildi


Aşgabadyň Parahat-7 etrapçasynda jaý gurluşygy (arhiw suraty)

Türkmenistanyň paýtagtynyň Parahat-7/3 etrapçasynda täze gurlan dört sany köp gatly jaý ulanylyşa berildi. Döwlet mediasyna görä, jaýlaryň ikisi 54 hojalyga we biri 108 hojalyga niýetlenýär.

Şu gün Aşgabatda 270 maşgala täze jaýyň açary berildi diýip, TDH 25-nji dekabrda habar berdi.

Resmi maglumata görä, täze binalaryň açylyşy toý-dabara bilen geçirilipdir we oňa şäher häkimiýetleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň, döredijilik toparlarynyň wekilleri, ýaşulular, şeýle-de jaý eýeleri gatnaşypdyr.

Aşgabadyň häkimiýetleri Parahat-7 etrapçasyndaky täze binalaryň açylyş dabarasyna birnäçe gün öňünde taýýarlyk gördüler. Azatlygyň Aşgabatdaky habarçylary Parahat-7 etrapçasynda boljak dabaralar sebäpli töwerek daşy, şol ýere barýan ýollary timarlamak, boýamak we arassalamak üçin şäheriň jemagat gulluklarynyň gije-gündiz köpçülikleýin işleýändigini habar beripdi.

Adatça Aşgabatda täze gurlan binalaryň açylyş dabaralaryna prezident Gurbanguly Berdimuhamedow gatnaşýar. Türkmen mediasyna görä, 25-nji dekabrda binalaryň açylyş dabarasyna prezidentiň tabşyry bilen häkim Durdylyýew gatnaşypdyr.

XS
SM
MD
LG