Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eýranyň Buşehr atom elektrik stansiýasynyň golaýynda ýer yrandy


Buşehr atom elektrik stansiýasy
Buşehr atom elektrik stansiýasy

Günorta Eýranyň Buşehr atom elektrik stansiýasynyň golýaynda deslapky güýji 5.1 magnitýud bolan ýer yranmasy boldy diýip, ABŞ-nyň ýewropa ekspertleri 27-nji dekabrda irden habar berdiler.

ABŞ-nyň Geologiýa gözegçiligi ýer yranmasyny aram diýip häsiýetlendirdi, bu onuň düýpli zyýan ýetirip biljekdigini aňladýar.

Ýer yranmasynyň ojagy Buşehriň, Eýranyň Pars aýlagynyň günorta kenaryndaky ýadro elektrik stansiýasynyň gündogarynda, 53 kilometr uzaklykda ýerleşýär.

Ýewropa Ortaýer seýsmologiýa merkezi hem 5.1 magnitýudly ýer yranmasynyň bolandygyny habar berdi.

Eýran noýabrda rus inženerçilik we uran tejribeleriniň kömegi esasynda bu ýerdäki desgalaryny giňeltmek taslamasynyň çäginde ikinji ýadro reaktory üçin beton guýmaga başlady.

Ýakyn Gündogarda ilkinji raýat atom elektrik stansiýasy bolan Buşehr 2011-nji ýylda rus tehnologiýalaryny ulanmaga başlady we BMG-niň Halkara atom energiýasy agentliginiň gözegçiligi astynda işleýär.

XS
SM
MD
LG