Türkmen häkimiýetleri ýurduň Eýran bilen serhetleşýän sebitlerinde howpsuzlyk çärelerini güýçlendirýär. Sebitde Internet üpjünçiligi hem ýiti çäklendirilýär. Bu çäreler, goňşy Eýrandaky köpçülikleýin protestleriň üçünji hepdesine giren mahalyna gabat geldi.
Azatlyk Radiosynyň türkmen hökümetine ýakyn ygtybarly çeşmeleri ýurt häkimiýetleriniň goňşy döwletdäki protestlerden uly howsala düşýändigini, munuň bilen bagly ýörite meýilnama taýýarlanandygyny aýdýarlar. Bu ýagdaýlar barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 12-nji ýanwarda sebitden maglumat berdi.
“Goňşy Eýrandaky ählumumy halk protestleriniň fonunda, etrabyň çägine beýleki etraplardan gelýän raýatlar, ýük maşynlary görlüp-eşidilmedik derejede berk barlanylýar. Şübheli diýiläýjek adamlar dessine polisiýa we Milli howpsuzlyk ministrliginiň (MHM) ýerli edaralaryna äkidilýär. Etrabyň çäginde Internet aragatnaşygy hem tas doly diýen ýaly kesildi” diýip, Ahal welaýatynyň Sarahs etrabynyň ýaşaýjysy anonimlik şertinde aýtdy.
Şuňa meňzeş howpsuzlyk çäreleri Ahalyň Kaka, Altyn Asyr, Ak bugdaý, Bäherden we Balkan welaýatynyň Magtymguly, Etrek, Esenguly etraplarynda hem amal edilýär.
Bellesek, goňşy Eýrandaky protestler 2025-nji ýylyň aýagynda, ýurtda dörän ykdysady kynçylyklaryň çuňlaşmagy netijesinde başlandy. Ilki başda olaryň esasy hereketlendiriji güýji köçe söwdagärleri boldy. Soňra proteste studentler we beýleki şäher ýaşaýjylary, esasan ýaşlar goşuldy. Netijede, şäherleriň köçelerinde Yslam Respublikasynyň režimine garşy aýdylýan şygarlar barha köp ýaňlanyp başlady. Protestlerde howpsuzlyk güýçleri bilen çaknyşyklar bolýar, hökümet binalary otlanýar.
Protestlerde näçe adamyň ölendigi anyk belli däl. ABŞ-da ýerleşýän "HRANA" topary protestlerde 490 protestçiniň we 48 howpsuzlyk işgäriniň ölendigini, 10 müň 600-den gowrak adamyň tussag edilendigini aýdýar.
Türkmen häkimiýetleri goňşy ýurtda bolýan köpçülikleýin protestler barada haýsydyr bir reaksiýa bildirip, häzire çenli hiç hili beýanat ýaýratmadylar. Bu barada ýurduň resmi metbugatynda, şol sanda Daşary işler ministrliginiň web sahypasynda we hökümete tarapdar neşirlerde hem hiç hili maglumat berilmeýär.
Ýöne habarçymyz şu günler ahally we balkanly ýaşaýjylaryň goňşy Eýrandaky protestleri has içgin synlap, özara diskussiýalarda aç-açan ara alyp maslahatlaşýandyklaryny habar berýär.
Mundan başga-da, Azatlygyň türkmen hökümetine ýakyn ygtybarly çeşmeleri ýurt häkimiýetleriniň goňşy döwletdäki protestlerden uly howsala düşýändigini we munuň bilen bagly görülmegi meýilleşdirilýän birnäçe çäräni taýýarlandygyny hem aýdýarlar.
"Görülmegi meýilleşdirilýän çäreler"
“Türkmen häkimiýetlerinde goňşy Eýrandaky protestleriň fonunda dowul emele geldi. Şol sebäpli hem, gyssagly ýagdaýda Eýrandaky syýasy wakalaryň türkmen jemgyýetçiligine we ýurtdaky berk diýdimzor syýasy howa ‘häkimiýetler üçin howply we islenilmez’ bolaýjak täsiriniň öňüni almak üçin ýerine ýetirilmeli işleriň birnäçe warianty düzüldi” diýip, Ahalyň kanun goraýjy edaralarynyň birindäki çeşmämiz aýtdy.
Onuň sözlerine görä, bularyň hatarynda “ýurduň iň köp pars dilli ilatly etraby - Sarahsda gözegçiligi we ilatyň üzňeligini has güýçlendirmek, Eýranda syýasy protestleriň has güýçlenen ýagdaýynda haýal etmän goňşy ýurt bilen serhetýaka etraplaryň ählisinde mobil interneti dolulygyna petiklemek, hojalyklardaky Wi-Fi ulgamlarynyň mümkinçiliklerini hem ep-esli çäklendirmek” ýaly çäreler bar.
“Mundan başga-da, Eýranda kowum garyndaşlary bar bolan raýatlaryň sanawyny düzüp, olaryň öýlerine aýlanyp, Eýrandaky garyndaşlary bilen nähili gatnaşyklary saklaýandygyny anyklap, olara garşy basyşy güýçlendirmek, mekdeplerde gyş kanikulyndan çykýan okuwçylar bilen häkimlikleriň, polisiýanyň, MHM-niň işgärleriniň gatnaşmagynda ýygnaklar geçirip, goňşy ýurtdaky we umuman daşarky dünýädäki syýasy wakalara seretmezligi we olar barada hiç hili özara pikir alyşmalary guramazlygy, Türkmenistanyň içindäki ykdysady, sosial, syýasy meseleleri düýbünden ne mekdepde, ne-de öýde ýa beýleki ýerlerde dile getirmezligi, olar barada pikir etmezligi talap etmek ýaly çäreler hem bar” diýip, çeşmämiz belledi.
Şeýle-de, ol bu ýygnaklara gatnaşdyryljak ene-atalara, pensionerlere şu ýyldan başlap, aýlyklaryň, pensiýa haklarynyň we kömek pullarynyň 10% artdyrylmazlygy barada arz edip, häkimliklere, prokuratura we döwlet edaralaryna barmazlygy ýene bir gezek ündemegiň meýilleşdirilýändigini hem aýtdy.
Ýatlatsak, ilat arasynda ýurtda zähmet we pensiýa haklarynyň, döwlet kömek pullarynyň 10% köpeldilmezligine garşy nägilelikleriň artmagynyň arasynda, geçen hepde Balkanyň häkimiýetleri ilat bilen ýygnaklary geçirip, arz-şikaýatlary bes etmegi talap etdiler.
"Döwlet edaralaryna ýüz tutmaklyk"
“Nobatdaky ýygnaklarda Mejlisde we hökümetde ýurduň Jenaýat kodeksine ‘Döwlete dönüklik etmek’, ‘Köpçülikleýin bidüzgünçiliklere çagyrmak, olary guramak we gatnaşmak’, ‘Milli, syýasy, sosial ýigrenji gozgamak’, ‘Türkmenistanyň prezidentine, türkmen halkynyň milli liderine we onuň maşgala agzalaryna şek we dil ýetirmek’ maddalary boýunça 25 ýyla çenli azatlykdan mahrum etmek jezasynyň berilmegi boýunça üýtgetmeleri girizmegiň üstünde içgin iş alnyp barylýandygyny aýtmak we şeýlelikde, mundan buýana Türkmenistanda jemgyýetçilik ýa köpçülikleýin häsiýete eýe bolup biläýjek islendik sosial, ykdysady ýa syýasy problema boýunça döwlet edaralaryna ýüz tutmaklyk gönüden-göni ýokarda agzalan maddalara degişli jenaýat hökmünde kesgitlenjekdigini okuwçylara we olaryň hossarlaryna düşündirmek maksat edinilýär” diýip, ýagdaýlardan habarly ýene bir çeşmämiz belledi.
Çeşmelerimiz düzlen meýilnamanyň çäginde “daşary ýurtlardaky türkmen aktiwistlerine, garaşsyz metbugata garşy garalaýjy kampaniýalary we diwersion operasiýalary planlaşdyrmak we guramak, şeýle-de daşary ýurtlara ugraýan zähmet migrantlarynyň ýoluny dürli bahanalar bilen ýapmak” ýaly çäreleriň hem bardygyny aýtdylar.
“Ýurtdaky syýasy doňakçylyga howp abanan ýagdaýynda Orsýetden maslahatçylary we protestler bilen göreşmekde tejribesi baý öňki rus harbylary we çinownikleri çagyrmak göz öňünde tutulýar” diýip, çeşmämiz gürrüň berdi.
Çeşmelerimiz meýilleşdirilýän bu çäreleriň ilat köpçüligine mälim edilmeýändigini, ýöne serhetýaka etraplarda geçirilip başlanan berk ulag barlamak işlerine salgylanyp, bularyň käbirleriniň eýýäm amal edilip başlanandygyny belleýärler.
Azatlyk gürrüňi edilýän bu meýilnamalar, şol sanda serhetýaka etraplarda görülýän berk howpsuzlyk çäreleri barada degişli ýerli häkimiýetlerden, şol sanda Ahalyň we Balkanyň Polisiýa müdirliklerinden resmi teswir almaga synanyşdy. Ýöne redaksiýamyzyň 12-nji ýanwarda bu edaralara eden telefon jaňlaryna hiç kim jogap bermedi. Bu barada ýurduň Içeri işler ministrligi bilen hem telefon arkaly habarlaşyp bolmady.
Dünýäniň iň bir ýapyk we repressiw ýurtlarynyň biri hasaplanylýan Türkmenistanda häkimiýetler dünýäde, şol sanda goňşy döwletlerde bolýan syýasy ýagdaýlaryň fonunda ýurtda howpsuzlyk çärelerini artdyryp, howpsuzlyk we kanun goraýjy edaralarda hüşgärlik derejesini mundan ozal hem birnäçe gezek güýçlendiripdi.
Wenesuelanyň wezipesinden gyrakladylan prezidenti Nikolas Maduranyň ABŞ tarapyndan öýünde, düşekde ýatan wagty tussag edilmeginiň yz ýany Türkmenistanyň deňiz goranyş ulgamlaryndaky, howa goranyşyndaky we guryýer serhetlerindäki hüşgärlik derejeleri mundan öň görülmedik derejede ýokarlandyryldy diýip, Azatlygyň habarçysy deňiz flotunyň öňki serkerdesine we beýleki çeşmelere salgylanyp, 5-nji ýanwarda habar berdi.
Ýatlatsak, Türkmenistanyň hökümeti Wenesuelanyň prezidentiniň ABŞ tarapyndan tussag edilmegine hem hiç bir reaksiýa bildirmedi.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
Forum