Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanda “Ýerasty Altylyk” filminiň ýerasty prokaty üçin jerime salýarlar


 “Ýerasty Altylygy” («6 Underground») kinosynyň ekrandan alnan görnüşi.
“Ýerasty Altylygy” («6 Underground») kinosynyň ekrandan alnan görnüşi.

Türkmenistanda hususy wideo-prokat dükanlarynyň eýelerine Birleşen Ştatlaryň “Netflix” onlaýn kino üpjünçisi tarapyndan öndürilen “Ýerasty Altylyk” («6 Underground») kinosynyň aşaklykdan prokata berilýändigi üçin jerime salynýar.

Bu barada Azatlygyň Aşgabatdaky habarçysy 28-nji dekabrda habar berdi.

Onuň sözlerine görä, bu kino baradaky gürrüňler Türkmenistanda “ýyldyrym çaltlygynda” ýaýrady we ilat arasynda ony görmäge isleg bildirýänleriň az däldigi aýdylýar. .

Amerikanyň “Netflix” kompaniýasy tarapyndan 13-nji dekabrda çykarylan kinoda häzirki Türkmenisrtandaky ýagdaýlary ýatladýan detallar bar.

150 million dollarlyk kartinanyň sýužeti ABŞ-ly milliarderiň Turgistan atlandyrylan hyýaly ýurtda demokratiýa getirmek we onuň zalym diktatoryny öldürmek ugrundaky tagallalaryna bagyşlanýar.

Aşgabatdaky, Türkmenabatdaky, Marydaky we Daşoguzdaky wideo-prokat dükanlaryna raýat eşigindäki erkekler aýlanyp, täze amerikan filmi “Ýerasty Altylygy” görmek isleýändiklerini aýdýarlar. Düzgün bolşy ýaly, bu film prokatda ýok we onuň indirilmegini haýyş edýärler. Haçanda möhüm bitirilende, bu işi tabşyranlar kinony öz fleşkalaryna geçirip, edilen hyzmatyň tölegini tölemäge derek, öz şahadatnamalaryny görkezýärler. Olaryň käsi özüni polisiýadan diýip tanatsa, käbiri jenaýat agtaryş bölüminiň işgäridigini aýdýar we Türkmenistanyň bu kinonyň görkezilmegine garşy girizen kanunynyň bozulandygyny aýdýar” diýip, Azatlygyň Aşgabatdaky habarçysy habar berdi.

Onuň tassyklamagyna görä, güýç gurluşlarynyň wekilleri öz salgylanýan “kanunlaryny” görkezmeýärler.


Azatlygyň habarçysynyň anyklamalaryna görä, bu kino üçin salynýan jerimäniň möçberi 80 manatdan 200 manada çenli aralykda bolýar.

Käbir halatlarda, bu filmi görmäge beren wideo-prokat dükanlarynyň eýelerine jeza bermek haýbaty hem atylýar.

Amerikanyň “Netflix” akym hyzmatlary kompaniýasy kinorežissýor Maýkl Beýiň “Ýerasty Altylyk” kinosyny 13-nji dekabrda görkezip başlady. Şu aralykda Türkmenistanda “Netflix” saýty petiklendi.

Azatlygyň habarçysy 16-njy dekabrda “Google Play” tilsiminiň hem petiklenendigini habar berdi, ýogsa bu ýerden hem “Netflix” goşmaçalaryny indirip bolýardy.

Režissýor Maýkl Beý bu çeper filmi Wengriýada, Italiýada, Birleşen Arap Emirliklerinde we Birleşen Ştatlarda düşürdi. Emma tomaşaçy hyýaly Türgistan ýurduny suratlandyrmakda ulanylýan elementlerde Türkmenistanyň döwlet nyşanlaryna meňzeşligi, kinoda türkmen atlaryny we sözlerini arkaýyn saýgaryp bilýär.

Täze filmiň wakalary Turgistanyň diktatoryny wezipesinden gyraklatmagyň töwereginde ýaýbaňlanýar. Turgistana gelen topar döwlet telewideniýesini basyp alýar.

Diktator gaçmaga synanýar, onuň ýahtasyna hüjüm edýärler. elbetde, kinoda Türkmenistan bilen hiç bir umumylygy bolmadyk başga-başga elementler hem bar. Mysal üçin, uruş, gandöküşlik sahnalary, bosgunlar we bosgun lagerleri bilen bagly görnüşler Türkmenistanyň reallyklaryndan örän daş.

Emma hyýaly Turgistan ýurdunyň döwlet nyşanlary Türkmenistanyň döwlet nyşanlaryna haýran galdyryjy derejede çalymdaş, kinodaky wakalaryň bolup geçýän ýurdunyň ýaşaýjylary bolsa, görnüşinden, türkmençe gepleýärler we türkmen atlaryny göterýärler.


Turgistanyň lideriniň ady Rowaç türkmen jemgyýetçiligine ýat at däl. Berdimuhamedow şu ýylyň başynda ozalky içeri işler ministri Isgender Mulikowyň özüne sowgat beren taýçanagyna Rowaç diýip at dakdy, soň ol bu taýçanaga bagyşlap, aýdym döretdi we bu aýdym aprelde döwlet telewideniýesinde efire berildi. Mundan başga, 2019-njy ýyl hem “Türkmenistan – Rowaçlygyň watany” diýen şygar astynda geçdi.

Turgistanyň paýtagty Tirsede, şeýle-de Aşgabatda serdarlaryň we gahrymanlaryň hormatyna köp ýadygarlik gurlan. Bu iki ýurduň, hem hyýaly, hem hakyky, milli walýutasy manat diýlip atlandyrylýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG