Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Berdimuhamedow 2020-nji ýylda ilkinji dünýä inen bäbegiň ene-atasyny gutlady


Türkmen hökümeti saglygy goraýyş pudagyna degişli statistiki maglumatlary köpçülige aç-açan mälim etmeýär.
Türkmen hökümeti saglygy goraýyş pudagyna degişli statistiki maglumatlary köpçülige aç-açan mälim etmeýär.

Türkmenistanda 2020-nji ýylyň başlanýan güni ilkinji dünýä inen bäbegiň ene-atasyna prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan sowgatlar gowşuryldy diýip, TDH gullugy maglumat berýär.

Resmi media bäbege Mekan diýlip at goýlandygy, şeýle-de onuň agramy, boýy barada maglumat berdi.

Bäbek Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş ylmy-kliniki merkezinde dünýä inipdir.

Türkmen hökümeti ýurtda döwrebap lukmançylyk we sagaldyş merkezleriniň gurulýandygyny yzygiderli habar berse-de, saglygy goraýyş pudagyna degişli statistiki maglumatlary köpçülige aç-açan mälim etmeýär.

Geçen aý turkmen.news neşirine 2020-2030-njy ýyllar üçin “Türkmenistanda ýetginjekleriň, çagalaryň, täze doglan bäbekleriň, eneleriň saglygyny we reproduktiw saglygy goramagyň milli strategiýasy” atly hasabatyň nusgasynyň gowşandygy habar berlipdi.

Hasabata görä, 2018-nji ýylda ýurtda doglan her 1000 çagadan 45,8-i bäş ýaşyna ýetmänkä aradan çykypdyr. Şeýle-de, Türkmenistanda – şäher ilaty bilen deňeşdireniňde – oba ýaşaýjylarynyň arasynda garyp maşgalalaryň çagalarynyň has köp ölýändigi aýdylýar.

Bu sanlar BMG-niň Çagalar gaznasynyň (UNICEF) soňky hasabatynda hem äşgär edilýär. Oňa laýyklykda, Türkmenistan bäş ýaşyna ýetmedik çagalaryň arsyndaky ölüm derejesi boýunça Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasynda iň ýokary görkezijä eýedir. Bu san Täjigistanda 34,8-e, Özbegistanda 21,4-e, Gyrgyzystanda 18,9-a we Gazagystanda 9,9-a deňdir.

XS
SM
MD
LG