Eýranyň Rewolýusiýa goragçylary korpusynyň ýokary derejeli komandiri, geçen hepde Birleşen Ştatlaryň zarbasy netijesinde ýokary derejeli eýranly generalyň öldürilmegine jogap hökmünde, ABŞ-nyň goldaýan aýdyňlaşdyrmadyk nyşanalaryny “oda berjekdigi” bilen haýbat atdy.
General-maýor Hossein Salami bu barada 7-nji ýanwarda öldürilen general Kasem Suleýmaniniň Karem şäherinde geçirilen jynazasyna ýygnanan müňlerçe adamyň öňünde çykyş etdi.
Eýranyň döwlet telewideniýesiniň maglumatyna görä, jynazada dörän basa-baslykda azyndan 30 adam ölüpdir.
Tähranyň daşardaky harby operasiýalaryna gözegçilik eden 62 ýaşly generalyň öldürilmegi ABŞ-Eýran gatnaşyklaryny has-da ýitileşdirdi.
“Biz ar alarys. Biz olaryň eý görýän ýerlerini oda bereris” diýip, Salami aýtdy.
Waşington Suleýmanini Yrakda ABŞ esgerlerini öldürmekde aýyplaýar.