Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ-nyň Wekiller öýi Trampyň Eýrana garşy hereketlerini çäklendirmeli kararyny kabul etdi


Spiker Nancy Pelosi “Kongres agzalarynyň adminstrasiýanyň Eýrana garşy duşmançylykly herekete geçmek karary we bu meselede strategiýasynyň bolmazlygy babatda çynlakaý, gaýragoýulmasyz aladalarynyň bardygyny” aýtdy.
Spiker Nancy Pelosi “Kongres agzalarynyň adminstrasiýanyň Eýrana garşy duşmançylykly herekete geçmek karary we bu meselede strategiýasynyň bolmazlygy babatda çynlakaý, gaýragoýulmasyz aladalarynyň bardygyny” aýtdy.

ABŞ-nyň Wekiller öýi 9-njy ýanwarda prezident Donald Trampyň Eýrana garşy harby çäre görmek mümkinçiliklerini çäklendirmeli hökmany däl rezolýusiýany kabul etdi. Bu karar demokratlaryň agalyk edýän palatasynda 224-194 hasabynda kabul edildi.

Demokratlaryň köpüsi Ak tamyň geçen hepde Eýranyň ýokary derejeli harby serkerdesi Kasem Suleýmaniniň nyşana alnyp öldürilmegi boýunça beren düşündirişinden kanagatlanmady.

Bu karara respublikanlaryň hem üçüsi ses berdi. Emma sekiz demokrat oňa garşy ses berdi.

Demokratlar bu rezolýusiýa 1973-nji ýylyň Uruş ygtyýarlyklary aktyna laýyk gelýär we eger-de Senatdan hem geçirilse, kanuny hökmany güýje eýe bolar diýýärler.

Respublikanlar bolsa, prezidentiň goluny talap etmeýän rezolýusiýanyň kanuny güýjüniň bolmajagyny öňe sürýärler.

Federal sudlar bu mesele babatda hiç wagt anyk kesgitleme çykarmady. Senata respublikanlar kontrollyk edýär we bu hili rezolýusiýanyň ol ýerde tassyklanmak mümkinçiligi örän az.

XS
SM
MD
LG