Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Maryda edara-kärhanalardan prezidentiň portretini ýene-de çalyşmak talap edilýär


Illýustrasiýa suraty.
Illýustrasiýa suraty.

Mary welaýatynda häkimiýetler ähli edara kärhanalarda prezidentiň portretiniň çalşyrylmagyny talap edýär. Muňa goşmaça hökmünde, olar ýurtda 2020-nji ýylyň şygary yglan edilen “Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany” diýen ýazgyly plakatlary ähli döwlet-edara kärhanalaryna asmagy talap edýär. Bu barada Azatlyk Radiosynyň ýerli habarçysy 10-njy ýanwarda habar berdi.

Onuň maglumatlaryna görä, häkimiýetler prezidentiň suratyny çalyşmak talaplaryny onuň saçynyň üýtgän reňki bilen düşündirýärler.

Gün aşa döwlet telewideniýesinde görkezilýän prezident Berdimuhamedowyň ozalky şar gara saçy 2018-nji ýylyň awgustynda, ýatlasak, duýdansyz ýagdaýda çalaryp başlady.

Iki ýyl mundan ozalky çala çal reňki bilen deňeşdirilende, döwlet media we metbugat serişdelerindäki suratlardan mälim bolşuna görä, prezidentiň saçy häzirki wagtda ep-esli çalardy.

Bu ýagdaý Mary welaýatynda hereket edýän edara-kärhanalara öz täsirini ýetirdi. Habarçynyň maglumatlaryna görä, welaýatyň çägindäki ähli edaralardan Berdimuhamedowyň portretini çalyşmak işlerini tiz ýerine ýetirmek talap edilýär.

“Eger-de, portret çalşyrylmasa uly mukdarda jerime ýa-da işden boşadylmak howpy bar” diýip, habarçy aýdýar.

Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeşlikde býujet işgärleri bu ýagdaýdan nalaýar.

“Prezidentiň saçynyň her aý üýtgeýändigi sebäpli biz ony her aý çalyşmaly bolýarys” diýip, maryly bir býujet işgäri howpsuzlyk ýagdaýlary sebäpli atlandyrylmazlyk şertlerinde Azatlygyň habarçysy bilen gürrüňdeşlikde aýtdy.

Habarçy prezident portretleriniň bahalary barada maglumat berdi:

“Porteriň nyrhy 10 manatdan 100 manat aralygynda. Onuň daşynyň ramkasy 50 manatdan 200 manada çenli çykýar” diýip, habarçy aýtdy.

Bu bahalardan çen tutulsa, iň gymmat portret daşynyň çarçuwasy bilen 300 manat bolýar. Bu dollaryň resmi kursundan 85 dollar, gara bazaryň nyrhyndan 15 dollara barabar bolýar. Iň arzan portretiň bahasy daşynyň çarçuwasy bilen 60 manada deň bolýar. (17 $ resmi, 3 $ gara bazara)

Welaýatyň edara-kärhanalaryndan edilýän täze talaplar diňe bir prezidentiň portretini çalyşmak bilen çäklenmeýär.

“Ondan daşary “Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany” lozungly plakatlar her edarada, her kabinetde bolmaly. Onuň nyrhy 20 manatdan 100 manada çenli çykýar” diýip, habarçy aýtdy.

Geçen ýyl ýurtda ykdysady kynçylyklar dowam edýärkä 2019-njy ýyly “Rowaçlygyň watany” yglan eden prezident Berdimuhamedow 2020-nji ýyly “Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany” atlandyrdy.

Munuň yzýany, habarçynyň maglumatlaryndan mälim bolşy ýaly, Maryda häkimiýetler ähli edara-kärhanalardan täze ýylyň şygaryny asmagy talap edip başlady.

“Bu plakatlary we portretleri işgärleriň özleri satyn almaly bolýarlar” diýip, maryly habarçy sözüne goşdy.

Azatlyga mälim bolan mundan ozal edaralarda prezident portretlerini çalyşmak çäreleriniň iň soňkusy geçen ýylyň başynda geçirilipdi.

Ýatlasak, geçen ýylyň ýanwarynda Azatlygyň Daşoguzdaky habarçysy Daşogzuň orta mekdeplerinde prezident portretleriniň çalyşylandygyny habar berdi.

Ýöne bahalary deňeşdirsek, geçen ýyl portretleriň bahalary Daşoguzda 3-5 manat aralygyndady. Daşoguzdaky geçen ýylky bahalaryň Marydaky soňky nyrhlardan juda pes bolmagy ýurtda prezident portretleriniň hem bahalarynyň umuman gymmatlandygyny aňladýar.

Türkmen häkimiýetleriniň prezident portretlerini ýurduň edara-kärhanalarynda çalyşmak çäreleri her ýylyň başynda güýçlenýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG