Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Häkimiýetler Görogly etrabynda kärendeçileriň ýerlerini ellerinden alyp, olary “baýlara” berip başlady


Illýustrasiýa suraty. Serhetabatda suw tutulýan ýerler.

Daşoguz welaýatynyň Görogly etrabynyň birnäçe geňeşliginde häkimiýetler kärendeçileriň ýerlerini ellerinden alyp, olary daýhan birleşiklerdäki “gurply hojalyklara” berip başlady. Bu barada Azatlyk Radiosynyň ýerli habarçysy 13-nji ýanwarda ýurt içinden habar berdi.

Habarçynyň maglumatyna görä, kärendeçileriň ýerlerini etrap häkiminiň görkezmesi bilen daýhan birleşikleriň başlyklary ellerinden alýar.

Bir hepde mundan ozal başlanan bu çäreler oba ýaşaýjylarynyň arasynda nägilelik döredýär.

Kärendeçileriň köpüsi öz ýerleriniň ellerinden alynmagyna razy bolup gol çekipdir, ýöne ençemesi muňa razy bolman arz edipdir diýip, habarçy aýdýar. Onuň maglumatyna görä, nägile kärendeçiler bu talap bilen bagly etrap häkimligine arza bilen ýüz tutýarlar.

“Ýöne arz edenleri hiç kim diňlänok” diýip, habarçy sözüne goşýar.

Eýsem, häkimiýetler kärendeçileriň ýerlerini ellerinden alyp, olary kimlere berýär?

Azatlyk Radiosynyň habarçysynyň sözlerine görä, ýerler daýhan birleşiklerdäki gurply hojalyklara berilýär.

Ol Görogly etrabynyň üç geňeşliginde kärendeçi daýhanlaryň ýerlerini ellerinden almak işleriniň eýýäm başlanandygyny, üç geňeşlikde-de ýerleriň täze eýeleriniň diňe gurply hojalyklardygyny aýdýar.

Azatlyk Radiosynda geňeşlikleriň hem-de kärendeçilerden alnan ýerleriň täze eýeleriniň atlary bar, ýöne redaksiýa howpsuzlyk ýagdaýlary sebäpli olary aýan etmekden saklanýar.

Bu ýagdaý oba ýaşaýjylaryna agram salýar, “sebäbi oba adamlary kärende ýerleriniň kömegi bilen gyşy geçirýärdiler” diýip, habarçy aýtdy.

Görogly etrabynda daýhanlaryň ýerlerini ellerinden almak işleri Türkmenistanyň “Ýer hakyndaky” kanunyna giriziljek goşmaçalaryň we üýtgetmeleriň taslamasynyň türkmen parlamentinde ara alnyp maslahatlaşylmagynyň yzýanyna gabat gelýär.

Ýatlasak, döwlet metbugatynyň habaryna görä, oktýabryň başynda Türkmenistanyň Mejlisinde beýleki birnäçe kanun bilen bir hatarda “Ýer hakynda” Türkmenistanyň kanunyna üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek maslahat edildi.

Ýöne kanuna girizilýän täze üýtgetmeleriň jikme-jikligi halk köpçüligine mälim däl. Bu barada resmi metbugatda-da giňişleýin düşündiriş berilmeýär. Oba hojalygyna degişli habarlary çap edýän döwlet eýeçiligindäki “Bereketli Toprak” gazetinde 23-nji dekabrda çap eden makalasynda bir ýerli ýurist täze kanunçylygyň “obasenagat toplumynda bäsdeşlige ukyplylygy ýokarlandyrmagy” hem-de “obalarda täze ykdysady gatnaşyklary kemala getirmegi” maksat edinýändigini aýtdy.

Türkmenistanda soňky iki ýyla golaý wagtyň dowamynda oba hojalyga degişli birnäçe kanun kabul edildi. 2018-nji ýylyň sentýabrynda geçirilen Halk maslahatynyň mejlisinde Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow oba hojalygyna degişli täze teklipler bilen çykyş etdi.

Olaryň hatarynda prezident “düşewüntsiz” daýhan birleşikleriň ýerlerini ellerinden alyp, olary has girdejili işlejek önüm öndürijilere 99 ýyl möhlete bermek boýunça teklip hödürläpdi.

Munuň yzýany, şol ýylyň oktýabrynda Türkmenistanda “Ýer gaznasy” döredildi, iýunda türkmen parlamenti “Oba hojalygyny ösdürmegi döwlet tarapyndan düzgünleşdirmek hakynda” täze kanun kabul etdi. Ýöne täze oba hojalyk kanunlarynyň kabul edilmeginiň fonunda Azatlyk bilen gürrüňdeş bolan ýerli synçylar olaryň iş ýüzünde amal edilişine we netijeliligine soragly çemeleşdiler.

Galyberse-de, oba hojalyga degişli täze kabul edilýän kanunlaryň jikme-jikligi, synçylara görä, kärendeçi daýhanlara aýdyň bolman galýar, olar kanun haçan-da özlerine gönüden-göni täsir ýetirende bilip galýar.

Azatlygyň habarçysy Daşoguzda kärendeçileriň ýerleriniň ellerinden alynmagy bilen bagly ýerli kärendeçiler bilen gürrüňdeş boldy. Olaryň sözlerine görä, daýhanlar öz ýerleriniň ellerinden alynmagyny kanuny hasaplamaýar.

Azatlyk Radiosy kärendeçileriň ýerleriniň ellerinden alynmagy bilen bagly Göroglynyň etrap häkimliginden kommentariýa alyp bilmedi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Teswirleri gör

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG