Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kärende ýeriňi saklamak üçin arçyna iki goýun bermeli, Ykdysady jenaýatlara garşy göreş gullugy IIM-iň ygtyýaryna geçdi


Köýtendag görnüşi
Köýtendag görnüşi

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 25-nji ýanwarda Ykdysady jenaýatlara gary göreş gullugyny Içeri işler ministrigine birikdirdi, emma Azatlyk bilen söhbetdeş bolýan raýatlaryň köpüsi ýurtdaky ykdysady jenaýatlaryň azalmaýandygyny tassyklaýar.

Köýtendag etrabynyň “Azatlyk” we Magtymguly daýhan birleşikleriniň ýaşaýjylary, atlarynyň aýdylmazlyk şerti bilen, öz ýaşaýan etraplarynda işsizlik derejesiniň barha ýokarlanýandygyny, her maşgaladan azyndan iki-üç adamyň daşary ýurtda işleýändigini, obalaryň tasdan boşap galandygyny aýdyp, Azatlyk bilen söhbetdeş boldy.

Olaryň sözlerine görä, oba adamlarynyň esasy kösençligi etrapdaky suw, dökün ýetmezçiligi bilen bagly. Kärendesine ýer alyp, döwlet bilen baglaşan şertnamasy esasynda oba hojalyk önümlerini tabşyrmaly adamlar köplenç öz borçnamalaryny ýerine ýetirip bilmeýärler. Bu olara ellerinde bolan iki-üç gektar kärende ýerlerini hem ýitirmek howpuny salýar.

“Suw ýetmezçiligi gaty heläk edýär, munuň üstesine ýerimiz hem arryk, kän dökün bermeli. Emma dökün hem ýetenok. Netijede, her gektardan talap edilýän üç-dört tonna pagta hasylyny öndürip bilmeýäris” diýip, “Azatlyk” daýhan birleşiginiň öňki kärendeçisi aýtdy.

“Amyderýa gapdalymyzdan akyp ýatyr, biziň daýhan birleşiklerimizi suw bilen üpjün etmek üçin üç nasos işleýär, emma tüýs gerek wagtynda şol nasoslaryň biri ýa ikisi bozulýar, şeýdibem geljekki hasylyň bagty ýatýar” diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.

Şeýle-de ol ýerde işleýän adamlaryň girdeji almakdan geçen, köplenç uly çykdaja galýandygyny, plan dolmak üçin ýylyň-ýylyna tonnasyna täze puldan 600-700 manat töläp, pagta satyn almaga mejbur edilýändigini gürrüň berdi.

“Adamlar kärende ýerleriniň ellerinden alynmagyndan gorkýarlar, arçynlar häkimlere arka diräp, çäresiz daýhana gaty gazaply daraýarlar” diýip, söhbetdeşimiz aýtdy.

Bu aýdylýanlary Magtymguly adyndaky daýhan birleşiginiň ozalky kärendeçisi hem tassyk etdi. Onuň sözlerine görä, soňky ýyllarda etrabyň pagta, däne planlarynyň dolan wagty ýok,oba ýollary görer ýaly däl, adamlar mal-gara bilen güzeran aýlajak bolup, örän kyn günleri başdan geçirýärler. “Ýöne ýolbaşçylar olaryň mallaryna hem göz dikýärler” diýip, ol aýtdy.

“Biziň adamlarymyz gsar sortly goýunlary köpeldýär, bu goýunlaryň her biri 40-45 kilogram çykýar. Eger-de plan dolman, kärende ýeriňi hem saklap galjak bolsaň, kärende toparynyň ýolbaşçysynyň araçy bolmagynda, arçyna şol goýunlardan iki sanysyny para bermeli. Ol goýunlaryň biri oba arçynyna, beýlekisi etrap häkimine gidýär, emma seniň kärende ýeriňi özüňe galdyrýarlar” diýip, Magtymguly daýhan birleşiginiň öňki kärendeçisi gürrüň berdi.

Türkmenistanda pagta we bugdaý hasyllary boýunça döwlet öňündäki plan-borçnamalaryny doldurmadyk kärendeçileriň ýerlerini ellerinden almak we başgalara bermek teklibi prezidente degişli.

Gurbanguly Berdimuhamedow 25-nji sentýabrda dikeldilen Halk maslahatynyň ilkinji mejlisinde çykyş edip, oba hojalygyny özgertmek boýunça täze tekliplerini hödürledi we ýeri has netijeli işleýän önüm öndürijilere bermegi tabşyrdy. Bu tabşyryk esasynda golaýda Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalaryna oba hojalyk we beýleki önümçilik maksatlary üçin 8 müň 583,35 gekrat ýer bölekleriniň peýdalanmaga beriljekdigi yglan edildi.

Azatlygyň söhbetdeşleriniň tassyklamagyna görä, Köýtendag etrabyndaky işsizlik goşun gullugyny tamamlap gelen ýaşlary has kyn ýagdaýlara itekleýär, netijede jenaýatçylyk köpelýär.

“Goşun gullugyny tamamlap gelen ýaşlary ýurtdan goýbermeýärler, onsoň olar goňşy Özbegistan bilen aralykda ownuk söwda-satyk işlerine baş goşýarlar we hökmany ýagdaýda ol ýa-da beýleki kanuny bozýarlar. Bu olaryň azyndan 3-4 ýyllyk türmä basylmagyna alyp gelýär” diýip, “Azatlyk” we Magtymguly daýhan birleşiginiň iki ýaşaýjysy Azatlyk radiosy bilen söhbetdeşlikde aýtdy.

Emma muňa garamazdam Türkmenistanda korrupsiýa garşy göreş gowşadylýana meňzeýär. Bu ugurda iň soňky gowşan maglumata görä, prezident Gurbanguly Berdimuhamedow 25-nji ýanwarda ýurduň Ykdysady jenaýatlara garşy göreş boýunça döwlet gullugyny Türkmenistanyň Içeri işler ministrligine birleşdirmek hakyndaky karara gol çekdi.

TDH bu karara “ykdysady jenaýatlara garşy göreşi güýçlendirmek, hukuk goraýjy edaralaryň işini has-da kämilleşdirmek maksady bilen” bilen gelnendigini habar berýär.

Döwlet baştutany bu gullugy 2017-nji ýylyň maýynda turan korrupsiýa galmagalyndan soň, ýurtdaky korrupsiýa, parahorluga we beýleki ykdysady jenaýatlara garşy berk göreşmek wadasy bilen döretdi. Şondan soňky aýlarda gulluga başlyk bellenen Mämmethan Çakyýewiň Ministrler kabinetinde beren hasabatlarynda korrupsiýada, parahorlukda tutulan ozalky ýolbaşçylar hakynda hasabatlar hem berildi.

Emma soň Çakyýew başga işe geçirildi we ýurtda korrupsiýa garşy yglan edilendigi aýdylan göreşiň netijeleri barada berilýän maglumatlar barha azalmak bilen boldy.

XS
SM
MD
LG