Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Maryda mugallyma Täze ýyl sowgadyny bermedik çagalar mekdebe gitmäge gorkýarlar


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

Şu günler Mary şäheriniň orta mekdeplerinde okaýan käbir çagalar Täze ýyl baýramynda mugallyma sowgat bermändigini aýdyp, mekdebe gitmek islemeýändiklerini belleýärler. Olar ene-atalaryna mekdebe baranda mugallymyň özlerine käýäp, ýaramaz çemeleşiljekdigini aýdýarlar.

Azatlyk Radiosynyň Marydaky habarçylarynyň biri bu barada özüne ene-atalaryň ençemesiniň gürrüň berendigini tassyklap, 13-nji ýanwarda bolan bir wakany gürrüň berdi.

“Şu gün ene-atalaryň biri çagasynyň hiç hili mekdebe gidesi gelmändigini, ony zordan okuwa iberendigini aýtdy. Ol çagasyndan ‘Näme üçin mekdebe gidesiň gelenok?’ diýip soranda, çaga ‘Men mugallyma sowgat bermedi. Mugallym biziň hemmämize täze ýylda özüne sowgat getirmelidigimizi aýtdy, klasdaşlarymyzyň köpüsi oňa sowgat berdi’ diýip, jogap beripdir. Şondan soňra çaga ‘Men sowgat eltmesem, mugallym meni halanok, sapakda ýöne sögýär, 2-lik goýýar’ diýip, aglap jogap beripdir” diýip, howpsuzlyk aladalary sebäpli gizlinlik şertinde söhbetdeş bolan habarçy aýtdy.

13-nji ýanwarda Türkmenistanyň mekdeplerinde gyşky dynç alyşlar tamamlanyp, iki hepde çemesi arakesmeden soňra 2019-2020-nji okuw ýylynyň üçünji çärýegi başlandy.

Maryly ene-atalar şeýle wakalaryň mundan ozalky aýlarda we ýyllarda hem bolandygyny aýdyp, özleriniň bu barada mekdep ýolbaşçylaryna hem-de şäheriň Baş bilim müdirligine edýän şikaýatlarynyň netije bermeýändigini nygtaýarlar.

“Biz aýdan-aýa zordan gün görýändigimiz üçin mugallymlara sowgat almaga maddy mümkinçiligimiziň ýokdugyny aýdyp, şuňa meňzeş şikaýatlary öň hem edipdik. Şondan bäri mekdep ýolbaşçylary mugallymlar bilen wagtal-wagtal ýygnaklary geçirip, sowgat almaly däldigini tekrarlaýarlar. Ýöne bu ýygnaklar iş ýüzünde hiç hili kömek etmeýär. Hatda bir okuwçy birnäçe mugallyma sowgat berse, olaryň arasynda ‘Saňa gowy sowgat berip, maňa bermändir’ diýýänleri hem bar” diýip, habarçy ene-atalaryň biriniň sözüni getirdi.


Azatlyk Radiosy bu ýagdaý barada kommentariý almak üçin degişli mugallym, mekdep we şäheriň Baş bilim müdirligi bilen habarlaşyp bilmedi.

Ýöne Azatlygyň ýurt içindäki habarçylary we ýerli synçylaryň ençemesi Türkmenistanda parahorlugyň, korrupsiýanyň çagalar bagyndan, mekdeplerden başlaýandygyny aýdýarlar. Olar terbiýeçilere, enekelere we mugallymlara sowgat bermeýän çagalaryň dürli basyşlara, şol sanda kemsitmelere sezewar bolýandygyny belleýärler.

“Mugallyma ýa-da terbiýeçilere we enekelere sowgat bermeseň, çagany silteleýärler, dürli bahanalar bilen kemsitýärler, käte urýan halatlary hem bar. Hatda ‘Çagamy klasda kemsidýär’ diýip, başga klasa ýa-da mekdebe geçirýän ene-atalar hem bar” diýip, habarçy gürrüň berdi.

Türkmenistanda mekdep mugallymlary ýa-da çagalar baglarynyň terbiýeçileri tarapyndan çagalara edilýän basyşlar ýa kemsitmeler, olaryň bolaýmagy mümkin sebäleri hem-de netijeleri, şeýle-de sowgat bermek tejribesi barada türkmen häkimiýetleri resmi derejede hiç zat aýtmaýarlar. Bu barada döwlet mediasy hem mesele gozgamaýar.

Gyrgyzystandaky “Çagalaryň hukuklaryny goraýanlaryň ligasy” atly jemgyýetçilik fonudynyň direktory Nazgül Turdubekowa çagalara edilýän basyşyň, kemsitmeleriň ilki bilen olaryň okuwyna, soňra-da öz hukuklaryny gorap çykyş etmek başarnyklaryna ýaramaz täsir ýetirýändigini we gelejekde-de bu problemanyň çuňlaşýandygyny aýdýar.

“Eger mugallymlar çagalaryň hukuklaryny bozýan bolsa, ýagny olara psihiki basyş edip, olary kemsitýän bolsa, onda çagalar özlerini hukuksyz, kemsidilen duýýarlar. Şeýle-de, olaryň hukuklary goralmasa, onda olar bu şeýle bolmalydyr öýdýärler. Olar şular ýaly gatnaşyga öwrenişýärler we geljekde özleriniň hukuklaryny gorap bilmeýärler. Olar ulalanda-da, islendik adam ýa-da döwlet işgärleri tarapyndan edilýän adalatsyz hereketlere garşy öz hukuklaryny goramaga gorkaýarlar. Şol sebäpden çaga bagyndan başlap, çagalara, ene-atalara we bilim-terbiýeçilik işgärlerine çagalaryň hukuklarynyň bozulmaly däldigi, bozulan ýagdaýda munuň nämä sebäp bolup biljekdigini düşündirmeli” diýip, Turdubekowa aýtdy.

Türkmenistan 1994-nji ýylda Birleşen Milletler Guramasynyň “Çagalaryň hukuklary boýunça konwensiýasyny” makullapdy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG