Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Maryly okuwçylardan mekdeplerde belleniljek Täze ýyl dabaralary üçin pul ýygnalýar


Mary welaýatynyň merkezi şäherinde we etraplarynda okuwçylardan mekdeplerde belleniljek Täze ýyl dabarasy üçin pul ýygnalýar. Bu barada Azatlyk Radiosynyň Marydaky habarçylarynyň biri habar berýär.

“Mundan ozal okuwçylardan mekdebiň daşyny, ýagny Täze ýyl arçasyny dikmek, şeýle-de synplary bezemek üçin pul ýygnaldy. Altynjy günden başlap bolsa, Mary şäherindäki mekdepleri, şol sanda 1-nji, 3-nji, 4-nji, 5-nji, 6-njy, 9-njy, 16-njy we 24-nji mekdepleriň hem-de etrap mekdepleriniň okuwçylaryna mekdepde belleniljek Täze ýyl baýramy üçin pul getirmeli diýip aýdyldy” diýip, howpsuzlyk aladalary sebäpli gizlinlik şertinde söhbetdeş bolan habarçy 23-nji dekabrda gürrüň berdi.

Onuň sözüne görä, mekdepleriň sport zallarynda belleniljek bu çäre üçin kiçi klas okuwçylardan 20 manatdan, uly klas okuwçylardan 50 manatdan pul ýygnalýar.

“Bu pula sport zalda dikiljek arçany bezemeli, penjirelere çyra asmaly, bagşy, aýdymçy getirmeli we şuňa meňzeş zatlar amal edilmeli” diýip, habarçy belledi.

Mundanam başga, habarçy 1-nji klas okuwçylardan Täze ýyl sowgatlary üçin goşmaça 25 manadyň ýygnalýandygyny hem sözüniň üstüne goşdy.


Azatlyk Radiosyna bu barada Mary welaýat Bilim bölüminden we agzalýan mekdeplerden kommentariý almak häzirlikçe başartmady.

Türkmen prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ýurt resmilerine Täze ýyl mynasybetli çärelere “hemmetaraplaýyn taýýarlanmagyň, çagalar we uly adamlar üçin şowhunly baýramçylyk çärelerini we sahna eserlerini köpräk taýýarlamagyň wajypdygyny” noýabr aýyndan bäri aýdyp gelýär.

Türkmenistanda bellenilýän baýramçylyklar we halkara çäreler döwletiň guramaçylygynda uly dabara bilen geçirilýär. Bu mejbury dabaralary geçirmek üçin býujet işgärlerinden, okuwçylardan we studentlerden yzygiderli pul ýygnalýar.

Soňky aýlarda Azatlyk Radiosy ýurduň dürli regionlarynda Täze ýyl arçalaryny dikmek we binalary bezemek üçin býujet işgärlerinden, okuwçylardan we studentlerden pul ýygnamak işleriniň dowam edýändigini ençeme gezek habar berdi.

Mundanam başga, Türkmenistanda döwlet guramaçylygynda Aşgabatda geçirilýän mejbury baýramçylyk çäreleri üçin ýurduň dürli regionlaryndan raýatlar öz hasaplaryna paýtagta eltilýär.

Azatlygyň habarçylary bu dabaralary “gowy garşy alýan ene-atalaryň we çagalaryň juda çäklidigini, maşgalalaryň aglabasynyň güzeran eklenjiniň kyndygyny” aýdyp, olaryň “pul ýygnamak çärelerinden halys ýadandygyny” belleýärler. Muňa garamazdan, adamlar işini ýitirmekden we käýinç almakdan howatyrlanyp, pul tabşyrmaga mejbur bolýarlar.

“Ykdysady kynçylyklaryň ýiti duýulýan, döwlet dükanlarynda azyk harytlarynyň kadaly tapdyrmaýan, aýlyklary öz wagtynda nagtlaşdyryp bolmaýan döwürde adamlar zähmet haklaryny aýdan-aýa zordan ýetirýär. Köp ene-ata hem öz iş ýerinde, hem-de çagalaryndan soralýan puly tabşyrmaly bolýar. Olar çagasy kemsinmesin diýip karz alyp, bu çärelere pul goşýarlar. Käte pul goşup bilmeýän çagalar dürli bahanalar bilen, dabaranyň bellenýän güni mekdebe barmaýar” diýip, maryly habarçy belledi.

Türkmen häkimiýetleri ýurtda üç ýyla golaý wagt bäri dowam edýän ykdysady kynçylyklara garamazdan, baýramçylyklary uly dabara bilen bellemegini dowam etdirýärler. Resmi media bu çäreler üçin býujet we medeniýet işgärlerinden, okuwçylardan hem-de studentlerden ýygnalýan pullar barada mesele gozgamaýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG