Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Marynyň orta mekdeplerinde köp sanly ýokary klas okuwçysy soňky wagtlarda okuwa gatnaman, dürli işlerde zähmet çekýär


Illýustrasiýa suraty. Türkmenabatda galtakly garpyz daşaýan oglanlar.
Illýustrasiýa suraty. Türkmenabatda galtakly garpyz daşaýan oglanlar.

Şu günler Marynyň orta mekdepleriniň gyşky dynç alyşdaky ýokary klas okuwçylary soňky wagtlarda okuwa barman hojalygyň maddy ýagdaýyna kömek bermek üçin dürli işlerde zähmet çekýärler.

Bu barada Mary welaýatynyň merkezi şäherindäki ýagdaýlar boýunça Azatlyk Radiosynyň habarçysy habar berýär.

“Mysal üçin, şäherdäki awto ýuwalgalarda okuwçy oglanlaryň işleýändigini görmek bolýar. Olar awto ulagyň içini we daşyny 20 manada, diňe daşyny 10 manada ýuwup berýärler. Gazanan pullarynyň ýarysyny ýuwalganyň eýesine bermeli bolýarlar” diýip, habarçy aýtdy.

Onuň maglumatlaryna görä, çagalaryň hossarlary olaryň okuwa gatnaman zähmet çekmegine garşylyk görkezmeýär.

“Ene-atalar çagalaryň işlemegine garşy däl, sebäbi olaryň hojalyk ýagdaýlary kyn. Okuwa hepdede 1 sagat baryp gaýdýarlar” diýip, habarçy ençeme ýerli ýaşaýjynyň sözlerine salgylandy.

Onuň maglumatlaryna görä, okuwçylary mekdebe gatnamaga höweslendirýän sebäp ýok. Olaryň orta bilim hakyndaky şahadatnamalaryna pes baha goýulmak ähtimallygy hem okuwçylary okuwa gatnamaga itermeýär.

Habarçy dürli işlerde zähmet çekýän orta mekdepleriň ençeme ýokary klas okuwçylary bilen gürrüňdeş boldy:

“Olara ‘siz attestat alanyňyzda bahalaryňyza täsir etmezmi?’ diýsem, okuwçy oglanjyk: ‘Ýokary okuw jaýyna girmäge pulumyz ýok, şol sebäpden attestat meniň üçin ýöne bir gaty kagyz. Şu mahal men işlemesem, biziň hojalygymyza gaty kyn düşýär’ diýip, jogap berdi” diýip, Azatlyk Radiosynyň habarçysy aýtdy.

Onuň öwrenen maglumatlaryna görä, maddy ýagdaýy pes köp sanly maşgalalaryň çagalary Täze ýyl mynasybetli geçirilýän baýramçylyk çärelerine-de gatnaşmaýarlar.

Bu ýagdaýyň aňyrsynda ýatan birnäçe sebäp bar. Azatlygyň habarçysy çagalary Täze ýyl baýramçylyk dabaralaryndan mahrum edýän käbir sebäpler barada maglumat berdi:

“Olaryň baýramçylyga bermäge pullary ýok, ondan daşgary, olaryň baýramçylyk üçin egin-eşikleriniň ýokdugy hem maddy ýagdaýy pes maşgalalaryň çagalarynyň baýramçylyk dabaralaryna gatnaşmaýandygynyň sebäpleriniň biri bolup durýar” diýip, habarçy belledi.

Täze ýylyň öňýany Türkmenistanyň dürli regionlarynda orta mekdepleriň okuwçylaryndan baýramçylyk çäreleri mynasybetli okuwçylardan pul ýygnalýandygy barada Azatlyga maglumatlar gelip gowşupdy:

23-nji dekabrda Azatlyk Radiosynyň Marydaky habarçysy welaýatyň paýtagtyndaky 1-nji, 3-nji, 4-nji, 5-nji, 6-njy, 9-njy, 16-njy we 24-nji mekdepleriň hem-de etrap mekdepleriniň okuwçylarynyň mekdeplerde belleniljek Täze ýyl baýramy üçin pul getirmeli edilendigini habar berdi.

Onuň maglumatlaryna görä, mekdepleriň sport zallarynda geçirilen dabaralar üçin kiçi klas okuwçylardan adam başyna 20 manatdan, uly klas okuwçylardan 50 manatdan pul ýygnaldy.

Azatlyk Radiosy bu mesele boýunça degişli mekdepleriň administrasiýalaryndan kommentariýa alyp bilmedi.

Dekabryň başynda Azatlygyň Lebapdaky habarçysy Türkmenabadyň 1-nji, 2-nji, 7-nji, 12-nji we 15-nji mekdeplerinde okaýan okuwçylardan Täze ýyl baýramçylygynda mekdepleriň daşyny hem-de otaglary bezemek üçin pul ýygnalandygyny habar berdi.

Soňky wagtlarda okuwa gatnaman hojalyklara maddy ýardam bermek üçin dürli işlerde zähmet çekýän okuwçylar barada Azatlyk Radiosy Mary welaýatynyň Bilim bölüminden kommentariýa alyp bilmeýär.

Türkmenistanda ýerli ilat soňky üç ýyla golaý wagt bäri dowam edýän ykdysady kynçylyklardan ejir çekýär. Hökümet resmileri bu ýagdaýlar boýunça düşündiriş bilen köpçülikleýin habar serişdelerinde çykyş etmeýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG