Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Balkanyň Serdar etrabynda grip wirusy ýaýraýar


Keselhanada nobatyna garaşýan ýaşaýjylar
Keselhanada nobatyna garaşýan ýaşaýjylar

Balkan welaýatynyň Serdar etrabynyň ýaşaýjylarynyň arasynda grip wirusy ýaýraýar. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy Balkandan habar berýär.

“Etrapda uly we kiçi adamlar ýiti gripden ejir çekýärler. Okuwçylar mekdebe we işçiler edara-kärhanalara işe baryp bilmeýärler. Ýiti dümew sebäpli keselhanalara barýan adamlar köp” diýip, howpsuzlyk aladalary sebäpli gizlinlik şertinde maglumat beren habarçy 16-njy ýanwarda gürrüň berdi.

Habarçymyz bu barada anonim şertde maglumat beren ýerli lukmanlaryň we ýaşaýjylaryň ençemesi bilen söhbetdeş boldy.

Lukmanlaryň aýtmagyna görä, gribiň esasy alamatlarynyň biri bedeniň temperaturasynyň 39-40 gradusdan pese gaçman saklanmagy bolup, bu adam ömrüne howp abandyrýar.

Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeş bolan lukmanlar we ýerli ýaşaýjylar çagalaryň gripden ýogalan ýagdaýlarynyň hem bolandygyny aýdýarlar.

“Serdar etrap keselhanasynda kiçi ýaşly 5 sany çaganyň ölendigi barada maglumat bar. Munuň nähili gripdigi barada hiç zat aýdylmaýar. Muny lukmanlar hem bilmeýär. Lukmanlar wirusy öwrenmek maksady bilen, analizleriň Aşgabatdaky ylmy klinikalara ugradylandygyny aýdýarlar” diýip, habarçy belledi.

Azatlyk Radiosynyň serdarlylaryň arasynda gribiň ýaýramagy barada Balkan welaýatynyň Saglygy saklaýyş müdirliginden hem-de ýurduň Saglygyň goraýyş we derman senagaty ministrliginden kommentariý almak synanyşyklary netije bermedi.

Türkmenistanda ýaýraýan keseller barada adatça ýurduň döwlet mediasy hem habar bermeýärler.

Geçen ýylyň sentýabrynda Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy (BSGG) tarapyndan Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Referens barlaghanaly wirusologiýa bölümine dümew boýunça milli merkez diýen dereje berildi.

TDH-nyň 23-nji sentýabrda çap eden habarynda BSGG-niň goldaw bermeginde Türkmenistanda dümewe garşy öňüni alyş çärelerini geçirmek we wirusy seljermek, şeýle-de onuň ýaýramagyna gözegçilik etmek boýunça yzygiderli işleriň ýola goýulandygy bellenildi. Emma habarda dümew wirusy bilen bagly ýurtdaky statistiki maglumatlar äşgär edilmedi.

Türkmenistanda ilat arasynda dürli keselleriň ýaýramagy barada Azatlyk Radiosy mundan ozal hem habar beripdi.

Geçen ýylyň sentýabrynda Türkmenistanyň Daşoguz, Lebap we Ahal welaýatlarynyň ýaşaýjylarynyň arasynda gepatitiň ýaýrandygyny, Azatlygyň bu sebitlerdäki habarçylary habar beripdiler.

2018-nji ýylyň noýabrynda bolsa, Balkanda mallardaky 'mama keseliniň' adamlara hem geçendigi barada habarlar peýda bolupdy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG