Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Maryly näsaglar mejbury saglyk barlagyndan geçirilýär


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

Mary welaýatynyň saglygy saklaýyş edaralary näsaglary Anyklaýyş merkezinde barlagdan geçmäge mejbur edýärler. Bu barada Azatlyk Radiosynyň bu welaýatdaky habarçylarynyň biri habar berýär.

“Hassahanalara, Saglyk öýlerine näsag barsa, olary ilki bilen Anyklaýyş merkezine ugradýarlar. Hatda oba Saglyk öýleriniň lukmanlaryna ‘eger näsaga tabletka ýazjak bolsaňyzam, ilki bilen Anyklaýyş merkezine ugradyň’ diýip aýdypdyrlar” diýip, howpsuzlyk aladalary sebäpli gizlinlik şertinde söhbetdeş bolan habarçy 16-njy ýanwarda gürrüň berdi.

Azatlygyň habarçysyna anonim şertde maglumat beren ýerli lukmanlaryň we ýaşaýjylaryň ençemesiniň aýtmagyna görä, näsaglar bu merkezde barlagdan geçmese, onda olaryň saglyk bejergisi dowam etdirilmeýär.

Bu merkezdäki saglyk barlaglarynyň tölegleri bolsa, welaýatdaky beýleki keselhanalar bilen deňeşdireniňde ortaça üç esse gymmat.

“Ýönekeýje uzi barlagy beýleki hassahanalarda 20 manat bolsa, Anyklaýyş merkezinde 60 manada ýetýär. Näsaglar we olaryň hossarlary nägile bolýarlar, ýöne saglyk bejergisini dowam etdirmek üçin bu talaba razy bolýarlar” diýip, habarçy maryly ýaşaýjylaryň biriniň sözüni sitirledi.

Onuň aýtmagyna görä, Marynyň Anyklaýyş merkezinde barlagdan geçmek diňe ýaşaýjylardan däl, eýse welaýatyň saglygy saklaýyş pudagynda işleýän işgärlerden hem talap edilýär.

“Saglyk işgärleri her ýyl medisina barlagyndan geçmeli. Ýanwar aýyndan başlap, olara bu barlaglardan Anyklaýyş merkezinde geçmelidigini aýdypdyrlar. Mundan öň olar Saglyk öýlerinde barlagdan geçýärdiler. Onuň tölegi ortaça 50 manatdy. Häzir olar Anyklaýyş merkezinde barlagdan geçmek üçin 374 manat tölemeli bolýarlar” diýip, habarçy aýtdy.

Habarçynyň sözüne görä, welaýatyň saglyk edaralarynyň işgärleri bu talabyň sebäplerini “şol merkeziň medisina enjamlary gowy” diýip düşündirýärler.

Ýöne ýaşaýjylaryň we döwlet mediasynyň maglumatlaryny nazara alanyňda, iň soňky medisina enjamlary welaýatyň tas ähli keselhanalarynda, şol sanda täze açylan çagalar hassahanasynda hem bar.

“Lukmanlar özaralarynda hojalyk hasaplaşygynda bolan Anyklaýyş merkeziniň öz pul planyny dolup bilmeýändigini, şol sebäpli näsaglaryň ilki bu merkeze ugradylýandygyny aýdýarlar. Resmiler halkyň hasabyna merkeziň pul planyny dolup, işgärleriň aýlyklaryny tölemäge synanyşýarlar” diýip, habarçy maryly lukmanlara salgylanyp gürrüň berdi.

Azatlyk Radiosyna ýokarda aýdylanlary Mary welaýatynyň Saglygy saklaýyş bölümine we Anyklaýyş merkezine tassyklatmak ýa-da inkär etdirmek başartmady.

Mary welaýatynda näsaglardan edilýän bu talaplar ýurtda üç ýyla golaý wagt bäri dowam edýän ýiti ykdysady kynçylyklaryň, şol sanda derman gytçylygynyň we olaryň bahalarynyň gymmatçylygynyň fonunda amala aşyrylýar.

Soňky ýyllarda türkmen hökümeti, Azatlygyň ynamdar çeşmesiniň maglumatyna görä, serişde ýetmezçiligi zerarly ministrlikleriň, pudak edaralarynyň we döwlet konsernleriniň ençemesini ýapdy ýa-da birikdirdi. Munuň bilen bir wagtda, dürli edara-kärhanalarda iş orunlarynyň gysgaldylmagy yzygiderli ýüze çykdy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG