Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabatda okuwçylarynyň ýanyndan mobil telefonlary çykan mugallymlar meýletin-mejbury işden çykaryldy


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

Aşgabatda iki sany mekdep mugallymy öz gözegçiligindäki okuwçylaryň ýanyndan mobil telefonlary tapylandygy üçin meýletin wezipesinden çekilýändigi barada arza ýazmaga mejbur edildi.

Bu habar Türkmenistanda orta mekdeplere mobil telefonlary getirmegi çäklendirýän gadagançylygyň täzeden güýçlendirilmeginiň yzýanyna gabat geldi.

Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky habarçysynyň tassyklamagyna görä, 16-njy ýanwarda paýtagtyň 15-nji orta mekdebine ýurduň Bilim ministrliginden barlagçylar bardylar. Olar duýdansyz sapaklara girip, okuwçylaryň mobil telefonlarynyň bardygyny ýa-da ýokdugyny barladylar.

“Barlaglaryň çäginde birnäçe okuwçynyň ýanyndan mobil telefonlary tapdylar. Mekdep direktory bu okuwçylaryň klas ýolbaşçylaryny, ýagny iki mugallymy öz islegi bilen işden çykýandygy barada arza ýazmaga mejbur etdi. Eger olar öz islegi bilen çykýandyklaryny ýazmasa, onda olar garalaýjy maddalar bilen işden çykarylýar. Şeýle bolanda olar başga hiç bir ýerde işe kabul edilmeýär” diýip, habarçy mugallymlaryň we okuwçylaryň ençemesine salgylanyp, 17-nji ýanwarda gürrüň berdi.

Azatlygyň habarçysy bilen anonimlik şertinde söhbetdeş bolan mugallymlaryň sözüne görä, bu klas ýolbaşçylar “telefon gadagançylygynyň” möhümdigini nygtamak we beýleki mugallymlara sapak bolmagy üçin işden boşadyldy.

“Klas ýolbaşçylaryň telefon gadagançylygyna sowuk-sala garandygy ýa-da bilip hiç hili çäre görmändigi aýdylyp, çagalary ünsden düşürendigi aýdyldy. Ýöne ähli okuwçylary her gün ýeke-ýeke barlap bolmaýar” diýip, aşgabatly mugallymlaryň biri gürrüň berdi.

17-nji ýanwarda Azatlyk Radiosy bu waka barada kommentariý almak üçin Aşgabadyň 15-nji orta mekdebi bilen habarlaşdy. Telefona jogap beren resmi özüni mekdep müdiri diýip tanyşdyryp, wakanyň bolandygy barada maglumatlary ret etdi.

“Ýok, ýok, ýalan maglumat. Näme üçin olar mekdepden çetleşdirilsin, hemme sapaklaryny okadyp ýören adam diýýän” diýip, mekdep müdiri aýtdy.

Şol bir wagtda-da, ol “telefon gadagançylygyny” tassyklady we munuň sebäplerini mobil telefonyň okuwçylar üçin zyýanly taraplarynyň bardygy bilen düşündirmäge synanyşdy.

“[Okuwçylaryň] jan saglyklary, gözleriniň göreçleri, ünsüniň bölünmezligi, bilimiň hiliniň ýokarlanmagy üçin... Otaýda ony ulanmaly däl diýýän... bolmanam sapakda ony ulananoklar” diýip, mekdep müdiri belledi.

Türkmenistanda mekdeplere mobil telefonlary getirmegi we ulanmagy çäklendirýän gadagançylyk şu hepdäniň duşenbe gününden, ýagny okuw ýylynyň üçünji çärýegi başlanda täzeden güýçlendi.

14-nji ýanwarda Azatlygyň paýtagtly habarçysy öňki ýyllardan tapawutlylykda, bu ýyl bu gadagançylygy berjaý etmegiň diňe okuwçylardan däl, eýse mekdep mugallymlaryndan hem talap edilýändigini aýtdy.

Türkmenistanlylaryň ençemesi bu gadagançylygyň sebäplerini “türkmen häkimiýetleriniň hakykatyň aýan bolmagyndan gorkýandygy” bilen düşündirýärler.

Türkmenistanyň mekdeplerinde ýa-da ýokary okuw jaýlarynda studentleriň we okuwçylaryň mobil telefonlary ulanmagyny çäklendirýän gadagançylyklar wagtal-wagtal güýçlendirilýär. Bu çäräniň çäginde mobil telefonlary mekdebe getirmegiň gadagandygy ýatladylýar ýa-da ondaky şahsy maglumatlar barlanýar.

Türkmen häkimiýetleri we media serişdeleri bu gadagançylyklar hem-de onuň sebäpleri barada hiç zat aýtmaýarlar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär

XS
SM
MD
LG