Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Lebapda we Daşoguzda  benzin gytçylygy täzeden ýitileşýär


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

Lebap weaýatynyň etraplaryndadaky ýangyç guýujy nokatlarda benzin gytçylygy täzeden ýitileşip başlady. Daşoguz şäheriniň çägindäki ýangyç guýujy beketlerde benzin diňe irden görkezilen wagtda satylýar, günüň dowamynda benzin tapdyrmaýar. Bu barada Azatlyk Radiosynyň ýurt içindäki habarçylary howpsuzlyk ýagdaýlary sebäpli atlandyrylmazlyk şertlerinde 17-nji ýanwarda habar berdi.

“Lebabyň merkezi Türkmenabatdan başga ähli etraplarda benzin gytçylygy täzeden ýiti duýlup başlady” diýip, ýerli habarçy maglumat berýär.

Onuň sözlerine görä, lebabyň ýangyç beketlerinde A95 markaly benzin tapdyrmaýar, onuň ornuna ulag sürüjilerine hödürlenýän A92 markaly benziniň gytçylygy ýüze çykdy.

“A95 benziniň ornuna diňe A92 benzin galypdy, indi ol hem defisit benzine öwrüldi” diýip, habarçy aýdýar.

Onuň maglumatlaryna görä, beketlerde benzin tapdyran ýagdaýynda-da, onuň üçin uzyn ulag nobatlary döreýär.

“Eger ýangyç guýujy beketlerde benzin satylan ýagdaýynda-da onuň öňünde ulaglaryň uly nobaty döreýär” diýip, habarçy ençeme lebaply sürüjiniň sözlerine salgylandy.

“2 ýyl bäri A95 benzin görmedik etraplar bar. 1 ýyl bäri hiç ýerde A95 tapdyrmaýar” diýip, lebaply bir sürüji howpsuzlyk ýagdaýlary sebäpli atlandyrylmalzyk şertlerinde Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeşlikde aýtdy.

Ýöne beýleki tarapdan, welaýatyň çäginde, habarçynyň maglumatyna görä, diňe häkimiýet wekilleriniň ulaglaryny benzin bilen üpjün etmäge niýetlenen ýangyç guýujy beketler bar.

“Häkimligiň hem-de hukuk goraýjy edaralaryň işgärleriniň ulaglary üçin ýörite ýangyç guýujy beketler bar. Olarda satylýan 92-lik we 95-lik benzin ýönekeý halka satylmaýar. Olarda diňe emeldarlara benzin satmaga rugsat berilýär” diýip, habarçy belledi.

Beýleki tarapdan, Azatlygyň Daşoguzdaky habarçysy şäheriň çäginde ýerleşýän ýangyç nokatlarynda benziniň diňe irden belli wagtda bir sagada çenli satylýandygyny habar berdi. Ol hem A95 markaly benziniň Daşoguzda-da tapdyrmaýandygyny tassyklady.

“A95 benzin umuman ýok. Zaprawkalarda nobat bar. Olarda benzin diňe irden bir sagat satylýar. Günüň dowamynda benzin tapdyrmaýar” diýip, şäheriň ýangyç beketlerine aýlanan Azatlygyň Daşoguzdaky habarçysy 17-nji ýanwarda habar berdi.

Türkmenistanyň dürli regionlarynda ulaglar üçin ýangyç ýetmezçiligi wagtal-wagtal ýüze çykýar. Mundan ozal, şeýle ýetmezçilik geçen sentýabrda ýüze çykypdy. Şonda habarçy Ahalyň Änew şäherinde, Tejen hem-de Kaka etraplarynda, galyberse-de Balkanyň Balkanabat şäherinde benzin gytçylygynyň ýüze çykandygyny habar beripdi.

Bu ýangyç gytçylygy tebigy gazdan benzin öndürýän bahasy 1.7 milliard dollarlyk zawodyň tomusda Owadandepe şäherçesinde işe girizilmeginiň yzýanyna gabat gelipdi.

Şu günler ýurduň dürli regionlarynda benzin gytçylygy dowam edýärkä, döwlet eýeçiligindäki “Türkmenistan: Altyn asyr” neşiri Lebapda ýerleşýän “Ýaşyldepe” nebit ýatagyndan ýylyň başyndan bäri 10 müň tonna çig malyň öndürilendigini habar berýär. Maglumata görä, bu ýatakdan çykarylýan nebit Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda çig mal hökmünde ulanylýar. Geçen ýyl bu nebit käninden 200 müň tonna nebit öndüripdir.

Galyberse-de, Lebapda we Daşoguzda awtoulag sürüjileri benzin gytçylygyndan ejir çekýärkä, ýatlasak, geçen aý bu iki welaýat bilen serhetleşýän goňşy Özbegistanyň regionlarynda ýiti benzin gytçylygy döräpdi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG