Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Uzaga çeken dymyşlykdan soň, resmi Aşgabat ýurduň ilat sany barada ilkinji gezek anyk san aýtdy


Illýustrasiýa suraty. Türkmenistanda 1995-nji ýylda geçirilen ilat ýazuwynda düşürilen surat.
Illýustrasiýa suraty. Türkmenistanda 1995-nji ýylda geçirilen ilat ýazuwynda düşürilen surat.

Türkmen häkimiýetleri ýurduň ilat sanynyň 6.2 million adamdan gowrakdygyny aýdýar.

Bu barada öňümizdäki dekabrda Türkmenistanyň bitaraplyk syýasatyna bagyşlanyp, Aşgabatda geçiriljek halkara maslahatyň resmi websaýtynda aýdylýar. Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentliginiň (TDH) maglumatyna görä, “Bitaraplyk syýasaty we onuň halkara parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmekdäki ähmiýeti” atly halkara maslahatyň resmi websaýty 19-njy ýanwardan 20-nji ýanwara geçilen gije işe girizildi.

Şu wagta çenli Türkmenistanda ilatyň sany barada resmi taýdan mälim edilen iň soňky maglumat Türkmenistanyň Döwlet statistika komiteti tarapyndan 2006-njy ýylda çap edilipdi. Şonda resmi statistika ýurduň ilat sanyny 2000-nji ýylda 5 million 369 müň 400 adam diýip görkezen bolsa, Azatlyk Radiosynyň mundan ozalky ýyllarda çap eden maglumatlaryna görä, Döwlet statistika komiteti 2005-nji ýylda ýurduň ilat sanynyň 6 million 746 müň 500 adamdygyny aýdypdy. BMG-niň Ilat gaznasy 10 ýyl ozalky hasabatynda resmi maglumatlara salgylanyp, Türkmenistanyň ilatynyň 2007-nji ýylda 6.9 million adamdygyny mälim etdi.

Bu sanlardan çen tutulsa, türkmen resmileri soňky sanlary äşgär etmek bilen, eger BMG-niň hasabatyndaky sanlar hem-de hökümetiň äşgär edýän iň soňky görkezijisi dogry bolsa, 2007-2020-nji ýyllar aralygynda ýurduň ilatynyň 700 müň adam azalandygyna gytaklaýyn ünsi çekýär.

Türkmenistanda uçdantutma ilat ýazuwy iň soňky sapar 2012-nji ýylyň dekabrynda geçirildi, ýöne türkmen hökümeti aradan geçen 8 ýylyň dowamynda munuň netijelerini asla aýan etmän geldi.

Halkara guramalaryň hasabatlarynda-da Türkmenistanyň ilatynyň sany barada dürli sanlar berilýär. BMG-niň Durmuş-ykdysady meseleler boýunça departamentiniň Dünýä ilaty boýunça 2019-nji ýyl üçin çap eden hasabatynda Türkmenistanyň ilatynyň sany 5 million 942 müň adam diýip çak edilýär. Hasabatdan mälim bolşuna görä, bu sanlar Türkmenistanda 1995-nji ýylda geçirilen ilat ýazuwynyň netijeleri esasynda taýýarlanypdyr.

Ýurt içindäki ynamdar bir çeşmämiziň 21-nji ýanwarda Azatlyga anonim şertlerde gürrüň bermegine görä, 2019-njy ýylda halkara guramalaryň biri dünýäniň ilat sany boýunça geçirilýän halkara barlagyň çäklerinde Türkmenistana baryp, türkmen hökümetinden ýurduň ilat sany barada resmi maglumat sorapdyr. Ýöne “Halkara ekspertler toparyna bu maglumatlar elýeterli edilmedi” diýip, çeşme aýdýar. Howpsuzlyk ýagdaýlary sebäpli Azatlyk guramanyň adyny aýtmakdan saklanýar.

Bütindünýä bankynyň maglumatlarynda, Türkmenistanyň ilat sany 5.8 million adamdan gowrak diýip çaklanýar. Azatlygyň ýurt içindäki hökümete ýakyn ynamdar çeşmeleri bu sanyň 3.3 million adam töweregindedigini aýdýarlar.

Birleşen Ştatlaryň Merkezi aňtaw agentliginiň (CIA) resmi websaýtyna görä, Türkmenistanyň ilat sany 5.4 mln adam töwereginde. Ýöne agentligiň saýtynda bu görkeziji bilen bagly goşmaça bellik girizilipdir: “Käbir çeşmeler Türkmenistanyň ilatynyň sanyna degişli elýeterli çaklamalardan onuň 1-2 million adam töweregi azdygyny aýdýar, soňky 10 ýylyň dowamyndaky giň gerimli emigrasiýa sebäpli” diýlip, amerikan aňtaw gullugynyň websaýtynda aýdylýar.

Ýatlasak, maýyň aýagynda Azatlygyň döwlet edaralaryndaky çeşmeleri Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komitetinde geçirilen ýapyk barlaglara salgylanyp, 2008 – 2018-nji ýyllar aralygynda 1.9 million töweregi türkmenistanlynyň hemişelik esasda ýurduň daşyna emigrasiýa çykandygyny habar berdi.

Türkmenistanda netijeleri mälim edilen ilat ýazuwy iň soňky gezek 1995-nji ýylda geçirilipdi. Şonda ýurduň çäginde 4 million 481 müň adam ýaşaýandygy barada maglumat berlipdi.

Azatlygyň ýerli çeşmeleri we habarçylary ýurtda üç ýyla golaý dowam edýän ykdysady krizisiň fonunda adamlaryň eklenç gözleginde has köp daşary ýurtlara ýykgyn edip başlandygyny habar berýärler.

Türkmenistandaky nobatdaky uçdantutma ilat ýazuwy 2022-nji ýylda geçiriler.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär

XS
SM
MD
LG