Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Lebapda ýag, un we çilim gytçylygy saklanýar. Käbir azyk önümleriniň bahalary gymmatlaýar


Döwlet dükanynyň öňünde nobata duran ýaşaýjylar. Arhiwden alnan surat

Lebap welaýatynyň döwlet dükanlarynda arassalanmadyk ösümlik ýagynyň, unuň we çilimiň gytçylygy saklanyp galýar. Munuň bilen bir wagtda, käbir azyk harytlarynyň bazarlardaky bahalary gymmatlaýar.

“Lebabyň käbir etraplaryndaky döwlet dükanlaryna oktýabr aýyndan bäri un berilmeýär. Adamlar oktýabr aýyndan bäri özleriniň her aý paýok görnüşinde arzan bahadan satyn alýan ununy alyp bilmeýärler. Çilim hem tapdyrmaýar. Adamlar her gün diýen ýaly dükana baryp, nobata durýarlar, ýöne alyp bilmän yzlaryna gaýdýarlar. Olar zeýrenýär” diýip, howpsuzlyk aladalary sebäpli gizlinlik şertinde söhbetdeş bolan habarçy aýtdy.

Onuň sözüne görä, dükanlarda arassalanmadyk ösümlik ýagy wagtal-wagtal satuwa çykarylýar. Ýöne bu nobata duran adamlaryň 10%-ne hem ýetmeýär.

“Ýagy satyn almak üçin-de ýaşaýan ýeriňe degişli Öý dolandyryş edarasyndan her gezek sprawka eltmeli. Adamlaryň her birine diňe 1,5 litr ýag satylýar” diýip, habarçy belledi.

Şol bir wagtda-da, ol döwlet dükanlarynda tapdyrmaýan käbir azyk harytlaryny, şol sanda künjarany hususyýetçilerden 6-7 esse gymmat bahadan satyn alyp bolýandygyny hem aýdýar.

“Döwlet bahasy 80 teňňe bolan 1 kilogram künjara hususy dükanlarda 6 manatdan satylýar” diýip, ol belledi.

Munuň bilen bir wagtda, habarçy bazarlarda we hususy dükanlarda süýt, gatyk, et hem-de ýumurtga ýaly azyk önümleriniň bahalarynyň-da gymmatlap başlandygyny aýdýar.

“Häzirki wagt 1 ýumurtganyň bahasy 2 manatdan bahalanýar” diýip, habarçy nygtady.

Bu aralykda, Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky habarçylarynyň biri Täze ýyl baýramynyň öňüsyrasynda arzan bahadan satylan käbir azyk önümleriniň nyrhlarynyň gaýtadan gymmatlaýandygyny aýdýar.

“Täze ýyl baýramy döwründe düýp soganyň 1 kilogramynyň bahasy 2,50-3,00 manatdan satylýardy, häzir 5 manatdan bahalanýar. Hyýar, pomidorlaryň 1 kilogramy öň 5 manatdandy, indi 8 manatdan satylýar” diýip, howpsuzlyk aladalary sebäpli gizlinlik şertinde söhbetdeş bolan habarçy gürrüň berdi.

Ýatlasak, Täze ýyl baýramçylygynyň öňýany Azatlygyň habarçylary paýtagtyň bazarlarynda adaty bolmadyk miwe bolçulygynyň emele gelendigini habar beripdiler. Şonda bazarda hökümet gözegçiliginde ýörite söwda nokatlary hem döredilipdi.

Şeýle-de, ýurduň beýleki regionlaryndaky döwlet dükanlarynda-da käbir azyk önümleri, şol sanda miweler döwletiň kesgitlän bahasyndan satyldy. 24-nji dekabrda Marynyň döwlet dükanynda adam başyna çäkli satylan towuk buduny almak üçin uly nobatyň dörändigi hem habar berildi.

Türkmenistanda dowam edýän ykdysady kynçylyklaryň fonunda, ýurduň döwlet dükanlarynda azyk önümleriniň gytçylygy we bazarlarda gymmatçylygy indi üç ýyla golaý wagt bäri saklanyp galýar.

Türkmen häkimiýetleri bu maglumatlary ne tassyklaýarlar, ne-de inkär edýärler. Döwlet mediasy bolsa, ýurtda “azyk bolçulygynyň” döredilendigi barada taýýarlanan reportažlary yzygiderli ilat köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG