Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Bazarlary azyk bilen ‘doldurýan’ Türkmenistanda aýallar ýag üçin gijeden nobata durýar


Täze ýyl baýramynyň we Halkara Bitaraplyk gününiň öň ýanynda, Aşgabadyň bazarlarynda “azyk bolçulygy” döredilýän mahaly, Mary şäherinde ilat, şol sanda gartaşan aýallar “Ahal” ýagyny satyn almak üçin gijesi bilen nobata durýar.

Bu habarlar, wise-premýer Çary Gylyjowyň ýurduň söwda ulgamynyň azyk we beýleki zerur önümler bilen doly üpjün edilýändigi barada prezident Gurbanguly Berdimuhamedowa hasabat beren mahalyna gabat geldi.

Gylyjow 27-nji noýabrda geçirilen Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly nobatdaky mejlisinde “baýramçylyk söwdalaryny guramak, ýurduň bazarlaryny dürli harytlar bilen üpjün etmek boýunça zerur çäreleriň görülýändigini” habar berdi.

Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky habarçylary bu hasabatdan soň, şäheriň bazarlaryna azyk harytlaryň, hatda öň satuwdan aýrylan käbir önümleriň getirilip başlanandygyny habar berýärler.

“Russiýadan, Türkiýeden, Ukrainadan, Belarusdan getirilen süýjiň-köke önümleri peýda boldy. Import edilen mesge ýagynyň görnüşleri artdy. Hatda “goňur şeker” hem peýda boldy. Kofäniň täze sortlary hem satylyp başlandy. Kökeleri, tortlary bişirmek üçin niýetlenen ýörite harytlar hem peýda boldy. Öň bu harytlar çynlakaý derejede gytalypdy” diýip, howpsuzlyk aladalary sebäpli gizlinlik şertinde söhbetdeş bolan habarçy 29-njy noýabrda gürrüň berdi.

Şol bir wagtda, Marydaky habarçylarymyz regionyň döwlet dükanlarynda azyk ýetmezçiliginiň heniz hem saklanyp galýandygyny aýdýarlar.

Howpsuzlyk aladalary sebäpli gizlinlik şertinde söhbetdeş bolan maryly habarçy adamlaryň ‘Ahal’ ýagyny satyn almak üçin gije sagat 12:00-dan nobata durup başlaýandygyny gürrüň berdi.

“Şäheriň Şapak köçesiniň ugrunda ýerleşýän 38-nji dükanyň öňüne uzakrak ýerden gelen daýzalar öz ýany bilen galyňrak ýorgan getirip, sowuk howada gijesini şol dükanyň sag tarap işiginiň öňünde geçirýärler. Golaýda ýaşaýan ýaşaýjylar olara termizde çaý demläp berip, kömek edýärler” diýip, habarçy 29-njy noýabrda habar berdi.

Onuň sözlerine görä, ýagyň haçan dükana getiriljekdigi barada anyk maglumat berilmeýär. Kä günler sagat 5:00-de, käte 6:00-da ýa-da 7:00-de gelýär. Her adam başyna 1 litr ‘Ahal’ ýagy satylýar. Adamlar onuň ýany bilen kiçijek şerbet suwuny hem satyn almaga mejbur edilýär. Olar bu iki haryt üçin 9 manat tölemeli bolýarlar.

Habarçy 28-nji noýabrda şäheriň Garagum köçesiniň ugrunda ýerleşýän 1-nji döwlet dükanynda “Ahal” ýagynyň çäkli möçberde satylandygyny hem aýtdy. Ýöne ol ilatyň ýagyň ýany bilen şekeri hem-de ýumurtgany hem satyn almaga mejbur edilendigini belledi.

“1 litr ýagy satyn almak üçin 20 manat tölemeli. Sebäbi adamlar onuň ýany bilen 1 kilogram şekeri, 5 sany ýumurtgany hem hökmany satyn almaly boldular. Eger aýdylan harytlary-da almasaň, ‘Ahal’ ýagyny satmaýarlar” diýip, habarçy gürrüň berdi.

Aýdylmagyna görä, Marynyň döwlet dükanlarynda towuk budy, un, ýumurtga häzirlikçe tapdyrmaýar. Ýöne bu azyk harytlaryny hususyýetçilerden näçe diýseň satyn alyp bolýar.

“Hususy söwda nokatlarynyň döwlet dükanynda tapdyrmaýan azyk harytlary bilen nädip üpjün edilýändigi belli däl. Adamlar muny harytlary gymmat satmak üçin döwlet resmileri tarapyndan oýnalýan oýun diýip çaklaýarlar” diýip, habarçy aýtdy.

Türkmenistanda azyk harytlaryň döwlet dükanlary bilen hususyýetçilerdäki bahasynyň arasynda iki esseden bäş essä çenli tapawut bar.

Mysal üçin, häzirki gün 1 kilogram un döwlet dükanynda 1 manatdan satylýan bolsa, onuň hususyýetçilerdäki bahasy 5 manada deň. Döwlet dükanynda 1 kilogramy ortaça 10 manatdan bahalanýan towuk budy hususy söwda nokatlarynda 16-17 manatdan satylýar. 1 litr ‘Ahal” ýagy bolsa, ortaça 14 manada deň.

Azatlygyň habarçylary we ýerli synçylaryň ençemesi adamlaryň alýan aýlyk-günlüginiň bazardaky azyk harytlaryndan satyn almaga köplenç ýetmeýändigini aýdyp, olaryň döwlet dükanlaryndaky önümlere ýykgyn edýändigini belleýärler.

Marynyň obasyna 6 aýda birinji gezek ýag geldi
please wait

No media source currently available

0:00 0:00:59 0:00

Türkmen häkimiýetleri ýurtda indi iki ýyldan gowrak wagt bäri dowam edýän azyk ýetmezçiligini we gymmatçylygyny agzamaýar. Bu barada resmi media hem dymýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG