Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Marynyň döwlet dükanynda adam başyna çäkli satylan towuk buduny almak üçin uly nobat döredi


Turkmenistan. 'Fake' chicken meats appear in markets of Türkmenistan, Ashgabat, Dashoguz.
Turkmenistan. 'Fake' chicken meats appear in markets of Türkmenistan, Ashgabat, Dashoguz.

Täze ýylyň öňüsyrasynda Türkmenistanda iýmit önümleri satylýan döwlet dükanlarynyň öňünde uly nobatlar döreýär. Alyjylar döwlet dükanlarynda satylýan azyk önümlerini arzan bahadan satyn almak üçin sagatlap nobata garaşýarlar.

24-nji dekabrda Mary welaýatynyň Mary şäheriniň Kemine köçesiniň ugrunda ýerleşýän 1 belgili döwlet dükanynda adam başyna çäkli möçberde towuk budy satyldy. Azatlyk Radiosynyň habarçysy bu barada howpsuzlyk ýagdaýlary sebäpli atlandyrylmazlyk şertlerinde Marydan habar berýär.

Onuň maglumatlaryna görä, sişenbe güni köp gatly ýaşaýyş jaýlaryň arasynda ýerleşýän 1-nji döwlet dükanynyň işiginde 50-den gowrak adam çäkli satylýan towuk buduny satyn almak üçin nobata garaşdy.

“Döwlete degişli bu dükanda towuk budy satylýar. Her adam başyna 2 sany towuk budunyň 1 kilogramy 10 manatdan satylýar” diýip, habarçy aýtdy.

Onuň sözlerine görä, alyjylar hususy dükanlar bilen deňeşdireniňde döwlet dükanynda satylýan towuk budunyň bahasyny arzan hasaplaýarlar, şol sebäpden uzyn nobatlarda sagatlap garaşýarlar.

“Hususy dükanlarda towuk budunyň 1 kilogramynyň bahasy 16 manat” diýip, habarçy aýdýar.

Türkmenistanda soňky iki ýyldan gowrak wagt bäri dowam edýän ykdysady krizisiň fonunda, ýurduň ähli regionlarynda hem-de paýtagt Aşgabatda ýerleşýän döwlet eýeçiligindäki azyk haryt dükanlarynyň öňünde ýygy-ýygydan uly nobatlar döreýär. Hususy söwdada iýmit önümleriniň we beýleki harytlaryň bahalary döwlet bahalary bilen deňeşdireniňde gymmatlygynda galýar.

Täze ýylyň öňýany Mary welaýatynyň döwlet dükanlarynda etiň bahasy gymmatlady. 19-njy dekabrda Azatlyk Radiosynyň habarçysy Marynyň bazarlarynda ýokarlanan etiň bahasyna polisiýa işgärleriniň gözegçilik edýändigini habar berdi.

Onuň maglumatlaryna görä, noýabr aýynda degişlilikde 24 we 21 manada deň bolan sygyr we goýun etiniň bahasy 30 we 27 manada çykdy.

Habarçy Marynyň “Gök bazar”, “Ak bazar” hem-de “Läle bazar” atlandyrylýan bazarlarynda raýat eşikli polisiýa işgärleriniň söwda nokatlara aýlanyp, satyjylardan sygyr etiniň bahasyny 24 manatdan ýokary galdyrmazlygy talap edýändigini habar berdi.

Maryly söwdegärler Azatlyk bilen gürrüňdeşlikde eti häkimiýetleriň talap edýän bahasyndan satan ýagdaýynda özleriniň zyýana galýandyklaryny aýdýarlar.

Galyberse-de, habarçy 19-njy dekabrda Marynyň döwlet dükanlarynda etiň satylmaýandygyny, bazarlarda satylýan etiň hyrydarynyň azdygyny habar berdi.

Azatlygyň habarçylary we çeşmeleri ilat arasynda giň ýaýran işsizligiň, ýurt boýunça dowam edýän ykdysady kynçylyklaryň hem-de yzygiderli ýokarlanýan bahalaryň maşgala sebedine agram salýandygyny aýdýarlar. Şeýle-de olar aglaba hojalygyň ujypsyz pensiýalaryň, döwlet kömek pullarynyň ýa-da daşary ýurtlarda zähmet çekýän dogan-garyndaşlarynyň iberen pullarynyň hasabyna gün görýändigini aýdýarlar.

"Ilat arasynda işleýänlerden işsizler has köp. Köp maşgalalar çagalar üçin berilýän kömek puluna ýaşaýarlar. Daşary ýurtlarda işleýän garyndaşlarynyň iberýän pullaryna ýaşaýanlar hem köp, emma olara bir aýda pul gelse, beýleki aýda gelmeýär. Men türmedäki hossarlarynyň yzyndan täze ýylda azyk eltmek üçin şu günler kösenip ýören hojalyklary bilýärin" diýip, Azatlygyň bir habarçysy 19-njy dekabrda habar berdi.

Türkmenistanyň hökümeti ýurtdaky ykdysady krizis bilen bagly problemalary aç-açan boýun almaýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG