Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Hytaý täze wirusyň ýaýramagyny kontrol etmek üçin ýurduň 11 şäherine girip-çykmagy çäklendirdi


Hytaýda täze wirus sebäpli azyndan 25 adam öldi we oňa başga-da 830-dan gowrak adam ýolugdy.

Hytaý resmileri täze wirusyň ýaýramagyny kontrol etmek maksady bilen ýurduň merkezindäki Hubeý welaýatynyň azyndan 11 şäherine girip-çykmagy çäklendirmek boýunça çäreleri girizdiler. Bu wirus sebäpli azyndan 25 adam öldi we oňa başga-da 830-dan gowrak adam ýolugdy.

23-nji ýanwarda irden welaýat merkezi Wuhanda transport serişdeleriniň aglabasynyň hereketi ýatyryldy. Wirusyň ýaýrap başlan sebiti bolan Wuhanda 11 million adam ýaşaýar.

Häkimiýetleriň şäherde maskalary geýmek mejburylygyny girizendigi habar berilýär. Şeýle-de, olar ilata köpçüligiň üýşýän ýerlerine barmazlygy maslahat berýärler.

Hytaýyň döwlet mediasynyň maglumatlaryna görä, Hubeýiň başga-da azyndan 10 şäherinde – Çibide, Liçuanda, Sýantaoda, Eçžouda, Huanganda, Sýaninde, Sýanszýanda, Huanşide, Szinçžouda we Danýanda – transport serişdeleriniň hereketi çäklendirildi.

Bu aralykda, Hytaýyň paýtagty Pekinde hytaý Täze ýylyny bellemek bilen bagly ähli uly dabaralar ýatyryldy.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG