Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Pakistanda raýat azatlyklary boýunça toparyň lideri tussag edildi


"Paştunlary goraýjy hereketiň" (PTM) lideri Manzoor Paşteen

Pakistanyň polisiýasy ýurduň demirgazyk-günbataryndaky tire-taýpalar regionynda alnyp barylýan harby operasiýalary tankyt eden raýat azatlyklary boýunça toparyň liderini tussag etdi.

Polisiýanyň 27-nji ýanwarda AÝ/AR-na aýtmagyna görä, "Paştunlary goraýjy hereketiň" (PTM) lideri Manzoor Paşteen gije Peşawar şäherinde ofiserler tarapyndan alnyp gidilipdir.

Munuň öňüsyrasynda PTM partiýasynyň lideri babatynda toparyň 12-nji ýanwarda Bannu şäherinde guramalaşdyran ýörişi sebäpli iş gozgalypdy.

Pakistanly kanun çykaryjy we PTM partiýasynyň agzasy Mohsin Dawar Paşteeniň tussag edilmegini "hukuklarymyzy parahatçylykly we demokratik görnüşde talap etmegiň jezalandyrylmagy" diýip atlandyrdy.

PTM partiýasy etnik paştunlaryň raýat hukuklaryny ugrunda 2018-nji ýyldan bäri çykyş edip gelýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG