Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ harbylary Owganystanda uçaryň gaçandygyny tassyklady


Owganystanyň kartasy
Owganystanyň kartasy

Owganystanyň gündogarynda ABŞ-nyň harby uçary 27-nji ýanwarda ýere gaçdy diýip, ABŞ-nyň we NATO-nyň ýolbaşçylygyndaky güýçler mälim etdiler. Şol bir wagtda, munuň garşydaşyň ot açmagy netijesinde ýüze çykandygy barada yşaratyň ýokdugy hem bellenildi.

ABŞ-nyň Owganystandaky güýçleriniň metbugat wekili polkownik Sonny Legettiň sözlerine görä, Bombardier E-11A kysymly harby uçar Gazni welaýatynda ýere gaçypdyr, şeýle-de häzirki pursat munuň sebäpleri bilen baglylykdaky derňew işleri geçirilýär.

“Uçaryň gaçmagy boýunça derňew dowam edýär. Onuň garşydaşyň ot açmagy sebäbli ýere düşendigi boýunça yşaratlar ýok” diýip, Legett belledi.

Ol adam pidalary ýa-da beýleki jikme-jikler barada maglumat bermedi.

NATO-nyň ýolbaşçylygyndaky Owganystandaky halkara güýçler hem Azatlyk Radiosyna ýollan emeýlinde uçaryň gaçandygyny tassyklady.

Mundan öň, “Talyban” jeňçi toparynyň metbugat wekili Zabihullah Mujahid ABŞ-nyň harby uçarynyň Gaznide gaçandygyny, munuň netijesinde ABŞ-nyň “köp” harbysynyň ölendigini aýdypdy.

Jeňçi topary heläkçilik baradaky maglumatlary adatça çişirip görkezýär.

XS
SM
MD
LG