Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ýylyň başy aşgabatlylaryň medeni durmuşynda düşümli boldy.WIDEO


Disneý filmleriniň aýdym-saz konserti, Aşgabat, 25-nji ýanwar, 2020
Disneý filmleriniň aýdym-saz konserti, Aşgabat, 25-nji ýanwar, 2020

Disneý kinofilmleriniň aýdym-sazlarynyň konserti, "Bitlz" toparynyň bütindünýä gününe bagyşlanan konsert, Maýkl Jeksonyň aýdymlarynyň konserti we Tahyr Ataýewiň ýolbaşçylygyndaky orkestriniň çykyşlary ýaňy-ýakynda Aşgabatda bolan medeni çäreleriň käbirini emele getirýär.

Bu konsertlere tomaşa eden Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky habarçylary olaryň geçişi barada habar berýärler.

"Eýýäm giren ýeriňde ýaş tomaşaçylary we olaryň ene atalaryny meşhur amerikan kinoertekiçisiniň gahrymanlary garşy aldylar. Orkestr Disneý filmleriniň pursatlaryny görkezýän ekranyň fonunda sazlary ýerine ýetirdi. Ýaş zehinli aýdymçylar Aýnur Mahmudowa, Döwrän we Mähri Şammyýewler, Maýa Maksudowa amerikan kinematografiýasynyň ertekiçisiniň gahrymanlarynyň kostýumlarynda çykyş etdiler" - diýip, habarçymyz 25-nji ýanwarda Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň biznes merkezinde geçirilen Disneýiň kinofilmleriniň aýdym-saz konsertiniň geçişi barada habar berdi.

Onuň sözlerine görä, çykyş örän täsirli we dinamiki bolup, sahnalar çalasyn çalşyp durupdyr.

Tomaşaçylarda täsir galdyran medeni wakalaryň ýene biri 16-njy ýanwarda bellenýän "Bitlz" toparynyň bütindünýä gününe gabatlanyp geçirilen konsert boldy.

"Zal doludy. Konsert "Bitlz" toparynyň ýaşy 70-den 6 aralygyndaky janköýerleriniň joşgunly we güýçli ruhlanmasynda geçdi. Adamlar el çarpyp, brawo diýip ses etdiler, goşulyp aýdym aýtdylar we ellerindäki mobil telefonlarynyň şöhlelerini ýakyp, tutup durdular" diýip, 18-nji ýanwarda "Türkmenistan" kinokonsert zalynda geçen konserte tomaşa eden habarçymyz habar berdi.

Aşgabatda "Bitlz" toparynyň bütindünýä gününe gabatlanyp konsert geçirildi
please wait

No media source currently available

0:00 0:00:34 0:00

Amerikan pop ýyldyzy Maýkl Jeksonyň aýdymlarynyň konserti aşgabatly tomaşaçylaryň arasynda meşhurlyk tapan medeni wakalaryň ýene biri boldy.

Habarçymyzyň sözlerine görä, konsert örän meşhur bolup, uly gyzyklanma döredendigi sebäpli, iki gezek, ýagny 1-nji we 8-nji dekabrda geçirilipdir.

"Konsert uly anşlag bilen dekabrda geçdi. Konserte baryp bilmedik tomaşaçylaryň haýyşlary boýunça ony ikinji gezek gaýtaladylar" diýip, habarçymyz belleýär.

Azatlyk Radiosynyň habarçylarynyň sözlerine görä, Aşgabadyň saz muşdaklary soňky ýylda klassyky we estrada konsertleriň sanynyň köpelendigini, ýerli sazandalaryň we aýdymçylaryň ýerine ýetirmeginde dürli žanrlaryň, sazçylyk mümkinçilikleriniň giňelendigini kanagatlanma bilen belleýärler.

"Soňky döwürde adamlar bir wagtda geçirilýän konsertleriň haýsysyna gitjegini saýlamaly hem bolýarlar" diýip, habarçymyz belledi.

24-nji ýanwarda Türkmenistanyň milli konserwatoriýasynda sazanda Tahyr Ataýewiň orkestri ýaş kompozitor Mämmet Guseýnowyň eserleriniň konsertini geçiripdir.

Onuň sözlerine görä, bu ýaş saz topary golaýda döräpdir. Konserwatoriýanyň studentleriniň we ony gutaran sazandalaryň gatnaşmagyndaky orkestriň ilkinji çykyşy 2018-nji ýylyň oktýabr aýynda Türkmenistanyň milli konserwatoriýasynda bolupdyr.

Rus dilinde hem okaň

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG