ABŞ-nyň döwlet sekratary Maýk Pompeo Minskde Belarusyň prezidenti Aleksandr Lukaşenka bilen duşuşandan soň ikitaraplaýyn gatnaşyklarda “hakyky öňegidişlige” çagyrdy.
"Biz özara gatnaşyklarymyzyň her bir ugrunda hakyky progres gazanyp biljekdigimize ynamly” diýip, Pompeo 1-nji fewralda Lukaşenka bilen gurnan metbugat ýygnagynda aýtdy.
Lukaşenka bolsa, öz gezeginde, “siziň Belarus bilen ABŞ-nyň arasyndaky dürli düşünişmezliklerden soň Minskä gelmek töwekgelligini etmegiňiz örän gowy boldy” diýdi.
Şeýle-de ol Birleşen Ştatlar bilen gatnaşyklarda "täze babyň açylýandygyna" umyt bildirdi.
Pompeo, Günbataryň ozalky sowet respublikasyny Orsýetiň orbitasyndan çykarmaga çalyşýan mahalynda, sebite edýän saparynyň çäghinde Kiýewden soň Belarusa sapara geldi.
Onuň sapary Belarusyň ýurt hökmünde ABŞ-nyň prezidenti Donald Trampyň giňeldilen syýahat gadaganlygyna grizilmejekdigini bilen wagtyna gabat geldi. Ýogsa başda çykan habarlarda Minskiniň bu gadagnlyga giriziljegi aýdylypdy.
Belarusda öz wezipesi 1994-nji ýylda döredileli bäri prezident bolup işleýän Lukaşenka “Ýewropanyň iň soňky diktatory” diýlip atlandyryldy, emma ol ýurdunyň energiýa we maliýe üpjünçiliginde agyr garaşlylykda galýandygyny boýun alyp, Waşington bilen gatnaşyklaryny gowulaşdyrmaga çalyşdy.
Pompeo 1994-nji ýylda, ABŞ-nyň şol wagtky prezidenti Bil Klintondan we döwlet sekretary Warren Kristoferden soň bu ýurda gelen iň uly amerikan resmisi, ilkinji döwlet sekretary boldy.
ABŞ-nyň ozalky milli howpsuzlyk geňeşçisi Jon Bolton Minskä geçen ýylyň awgustynda sapar etdi.