Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kabuldaky partlama iki adamy öldürdi


Nasrat Rahimi

31-nji ýanwarda Kabulda el arabasyny itekläp barýan iki jeňçi, arabadaky partlaýjylaryň atdanlykda ýarylmagy netijesinde heläk boldy diýip, owgan resmiler aýtdylar.

Bu hadysada gyrada duran adam hem ýaralandy. Içeri işler ministrliginiň sözçüsi Nasrat Rahimi derňewçileriň ol iki adamy hiç bir jeňçi gurama bilen baglanyşdyryp bilmändiklerini aýtdy.

Kabul polisiýasynyň sözçüsi Ferdaws Faramarz partlaýjy maddalaryň arabanyň içinde gizlenip goýlandygyny tassyk etdi. Bu waka ir sagatlarda, Kabulyň mähelleli künjegi bolan Fazl Bekde boldy.

Polisiýa goşmaça maglumat bermedi.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG